Sepleriň elýeterliligi

"Tussaglykdaky ýakynymyzyň gelerine garaşýarys"


Generic -- Illustrative photo, prison, men's hands, jail, undated

Generic -- Illustrative photo, prison, men's hands, jail, undated

Türkmenistanda Oraza aýynyň Gadyr gijesi mynasybetli 1104 tussag möhletinden öň azatlyga goýberildi. Belläp geçsek, Ýurtda milli baýramçylyklaryň käbirlerine gabatlap, ýygy-ýygydan günä geçişlikler yglan edilýär.

Türkmen metbugatynda azatlyga goýberilen tussaglaryň atlary, olaryň haýsy jenaýat işi bilen tussag edilip türme tussaglygyna höküm edilendigi barada maglumat berilmeýär.

Bu aralykda, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen bendiniň hossary Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, eýýäm ençeme ýyldan bäri gözenegiň aňyrsynda saklanylýan ýakynynyň gelerine, günäsiniň geçilerine garaşýandygyny, emma häzire çenli bu ugurda hiç hili netijäniň ýokdugyny gürrüň berdi.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan özüni Medine diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenanyň beren gürrüňlerini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG