Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Ekologiýa ykdysady baha beriler


Türkmenistanda topragyň arryklamagy boýunça regionara maslahaty geçiriler.

Topragyň arryklamagyna ykdysady baha bermek boýunça 1-2-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek konferensiýa Türkmenistanyň ministrlikleri we Ylymlar Akademiýasy BMG-niň Çölleşmä garşy göreş boýunça konwensiýasynyň sekretariaty bilen bilelikde guramaçylyk edýärler.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, konferensiýa türkmen hökümetiniň töwerek-daşyň goragyny we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasaty bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmak maksadyny göz öňünde tutýar. Türkmenistanda topragyň arryklamagy bilen bagly bar bolan problemalar resmi maglumatlarda agzalmady.

XS
SM
MD
LG