Sepleriň elýeterliligi

Partlamada Karzaýyň doganoglany öldi


Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda Owganystanyň wezipesinden çekilýän prezidenti Hamid Karzaýyň doganoglany wepat boldy.

Welaýatyň häkiminiň metbugat-wekili Dawa Han Menapalyň Azat Owganystan radiosyna aýtmagyna görä, hüjümçi 29-njy iýunda Haşmat Karzaý bilen onuň Kandagaryň Dand etrabyndaky öýünde duşuşan wagtynda öz bedenine berkidilen bombany işledipdir.

Menapal hüjümde ýene bir parahat ýaşaýjynyň heläk bolandygyny habar berdi. Hüjümçi Haşmat Karzaýyň öýüne ony Oraza baýramy bilen gutlap barypdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Haşmat Karzaý prezidentlige dalaşgär Aşraf Ghaniniň Kandagardaky saýlaw kampaniýasyna ýolbaşçylyk edipdi. Ghani öz bäsdeşi Abdylla Abdylla bilen 14-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň üstünde dawa edýär.

XS
SM
MD
LG