Sepleriň elýeterliligi

S.Husseýniň garyndaşy diýilýän adam baş pena sorady


Yrakly diktator Saddam Huseýniň garyndaşy diýip özüni tanadan adam Täjigistanda syýasy gaçybatalga soraýar.

Täjigistanyň günorta Farhor etrabynyň ýol gözegçilik polisiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Mahmad Izatulloýewiň 29-njy iýulda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, özüni Abdulla ibn-Ahmad al-Arabiýa diýip tanadan 47 ýaşly adam 13-nji iýulda täjik-owgan serhedini bikanun kesip geçende saklanypdyr.

Izatulloýewiň aýtmagyna görä, bäş dilde gepleýän adam özüniň Saddam Husseýniň gizlin gulluklarynda işländigini we 2003-nji ýylda yrakly diktatoryň agdarylmagyndan soň bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini täjik resmilerine aýdypdyr. Bu adam özüniň türme möhleti dolansoň Owganystana gidendigini we Täjigistanda syýasy gaçybatalga almak isleýändigini aýdypdyr.

Izatulloýew täjik resmileriniň bu mesele boýunça derňew geçirýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG