Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Harby türgenleşik geçirilýär


Kollektiwleýin Howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň alty agza döwletiniň goşunlary Gyrgyzystanda bilelikdäki harby türgenleşiklere başladylar.

Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Orsýetiň we Täjigistanyň harby bölümleriniň “Sarsmaz doganlyk 2014” ady bilen geçirilýän türgenleşikleri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Tokmok şäherinde 29-njy iýulda başlandy.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň baş sekretary Nikolaý Bordýüžanyň çäräniň başynda eden çykyşynda aýtmagyna görä, türgenleşikler “guramanyň parahatçнlygy dörediji goşunlarynyň terrorçylyga garşy durmaga ukybyny görkezmek” maksadyny öz öňünde goýýar.

Bordýuža Gyrgyzystanda geçýän bu harby türgenleşiklere gurama agza döwletlerden 700 harbynyň gatnaşýandygyny aýtdy. Kollektiwleýin Howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň tiz hereket edýän goşunlary mundan 11 gün öň Orsýetiň Çelýabinsk regionynda dört günlük türgenleşik geçiripdi.

Şol türgenleşiklere Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Orsýetiň we Täjigistanyň goşunlary gatnaşdylar.

XS
SM
MD
LG