Sepleriň elýeterliligi

'Türkmenistan aýratyn alada döredýär'


Ozal metjit, indi salgyt gullugynyň binasy. Baýramaly, 26-njy ýanwar, 2014.

Ozal metjit, indi salgyt gullugynyň binasy. Baýramaly, 26-njy ýanwar, 2014.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti 2013-nji ýyl boýunça Halkara din azatlygy hasabatyny çap etdi. Bu hasabatda Türkmenistandaky din azatlygy meselelerine hem baha berilýär.

«Ol ýerden urup-ýençmeler, bikanun ýygnanyşyk geçirilendigini boýun aldyrmak üçin basyş görkezmek, öý dökmek, reýdler, hususy emlägi konfiskasiýa etmek, dini materiallary konfiskasiýa etmek, dilde masgaralamak, agyr jerimeler, eden-etdilikli tussag etmek, jynsy zorluk haýbatlary we adam gynamalary barada habarlar boldy» diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departametiniň Halkara din azatlygy boýunça hasabatynyň Türkmenistan bölüminiň «Hökümet praktikalary» diýen bölüminde aýdylýar.

Bu hili ýagdaýlaryň köplenç hökümet tarapyndan ygtyýar berilmedik ýa-da hasaba alynmadyk dini işler bilen meşgullanmakda güman edilýän adamlar bilen bolup geçýändigi aýdylýar.

"Aýratyn alada döredýän ýurt"

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Döwlet departamentiniň halkara din azatlygy boýunça çap eden täze hasabaty baradaky beýanatynyň çäginde Türkmenistan barada aýratyn durup geçdi:

«Haçanda ýurtlar din azatlygyna wehim salanda, olar diňe öz nyşana alýan adamlaryna adalatsyz çemeleşmeýärler, eýsem öz ýurtlarynyň durnuklylygyna hem howp salýarlar» diýip, Kerri aýtdy.

«Biz şu sebäpden şu gün Türkmenistany aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna goşduk. Biz Türkmenistanda adamlaryň öz dini ynançlary üçin tussag edilýändigi, urlup-ýenjilýändigi, gynalýandygy baradaky habarlary gördük» diýip, ol sözüniň dowamynda belledi.

Şeýle-de Kerri Türkmenistanyň hökümetiniň adamlara jemgyýetçilik ýerlerinde dini lybaslary geýmegi gadagan edýän kanuny kabul edendigini, dini edebiýatlary ýaýradýanlara bolsa jerime salmaly edendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary türkmen häkimiýetleriniň dini ynançlary üçin harby gullukdan ýüz öwren Ýehowa şaýatlaryny tussag etmegi dowam etdirýändigini hem belläp geçdi.

Gapma-garşy kanunlar

Döwlet departamentiniň hasabatynda türkmen kanunçylygynyň din azatlygy meselesinde bir tarapdan azatlygy, ikinji tarapdan bolsa çäklendirmeleri öňe sürýändigi bellenilýär:

«Konstitusiýa din azatlygyny kepillendirýär, emma muňa garamazdan, beýleki kanunlar we syýasatlar din azatlygyny registrasiýa, hasaba alynmak talaplary, dini edebiýatlary öndürmegi we ýaýratmagy berk düzgünleşdirmek, dini toparlaryň we şahslaryň ygtyýarlyklaryny azaltmak bilen çäklendirýär» diýip, hasabatda aýdylýar.

«Dini kanun ähli dini guramalaryň hasaba alynmagyny talap edýär, dini bilimi, edebiýatlary we ruhanylara tälim bermegi çäklendirýär, dini toparlaryň daşary ýurt çeşmelerinden maliýe we maddy ýardam almagyna gözegçilik edýär» diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda Dini meseleler baradaky geňeşiň göni prezidente hasabat berip, hamala, hökümet býurokratiýasy bilen hasaba alnan dini guramalaryň arasynda araçy ýaly hereket edýändigi bellenilýär.

Konstitusiýada dünýewi diýlip häsiýetlendirilýändigine garamazdan, hasabatda türkmen hökümetiniň käbir metjitleriň gurluşygyny maliýeleşdirýändigi hem bellenilip geçilýär. Şeýle-de uly derejeli musulman ruhanylarynyň ählisiniň işe bellenilmegi hökümet tarapyndan tassyklanylmaly we olar Dini meseleler geňeşine hasabat bermeli.

Emma Rus prawoslaw ybadathanasy we beýleki dini guramalar garaşsyz ýagdaýda maliýeleşdirilýär hem-de hökümet olaryň ýolbaşçylarynyň işe bellenilmegini tassyklamaýar diýip, hasabatda aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG