Sepleriň elýeterliligi

ÝB Orsýete garşy täze sanksiýalara seredýär


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ilçileriniň 29-njy iýulda Brusselde geçirýän duşuşygynda Orsýetiň maliýe, energiýa we goranmak pudaklaryna gönükdirilen täze sanksiýalary girizmek barada ylalaşmagyna garaşylýar.

Göz öňünde tutulýan çäreleriň Orsýetiň banklarynyň Ýewropadaky operasiýalaryna, energiýa pudagyna degişli ylalaşyklara we ýarag söwdasyna täsir ýetirjegi aýdylýar.

Ýewropa Bileleşigindäki çeşmeleriň aýtmagyna görä, şeýle-de Brussel sanksiýalar sanawyna ýene sekiz adamyň adyny we üç guramanyň adyny goşmakçy bolýar. Sanawa goşulýanlaryň atlarynyň 30-njy iýulda ÝB-niň resmi maglumatynda çap edilmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň “The Wall Street Journal” gündeliginde 28-nji iýulda habar berilişine görä, täze sanksiýalar Orsýetiň esasy banklarynyň, şol sanda Sberbankyň we WTB bankynyň maliýe operasiýalaryny çäklendirip biler.

XS
SM
MD
LG