Sepleriň elýeterliligi

Orsýet “Agressor ýurtlara” garaýar


Orsýetiň kanun çykaryjylarynyň Orsýete garşy sanksiýalary girizen ýurtlary “agressor ýurtlar” diýip häsiýetlendirmek boýunça kanunyň taslamasyny düzendigi habar berildi.

“Izwestiýa” gazetiniň maglumatyna görä, täze düzgünler Orsýetde işleýän käbir kompaniýalar babatynda potensial çäklendirmeleriň girizilmegini göz öňünde tutýar. Maglumatda häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň deputatlaryna salgylanyp, kanunyň “agressor ýurtlarda” hasaba alnan audit we konsalting kompaniýalarynyň Orsýetde işlemegini çäklendirip biljekdigi aýdylýar.

Kanun çykaryjylar “agressor ýurt” diýip Orsýet Federasiýasyna, Orsýetiň raýatlaryna ýa-da orsýetli şirketlere garşy sanksiýa girizen döwletleri atlandyrýarlar. Kanunyň taslamasy Kremliň Orsýete garşy sanksiýa girizen Ýewropa Bileleşigine we ABŞ jogap bermek üçin mümkinçilik gözleýän wagtynda düzüldi. Günbatar döwletleri Moskwanyň Ukrainanyň gündogarynda separatistlere goldaw berýändigini aýdyp, ýene täze sanksiýalara seredýär.

XS
SM
MD
LG