Sepleriň elýeterliligi

"Uruş türkmenlere-de ýeňil düşmändi"


Çelekenli türkmen, 20-nji asyryň başy

Çelekenli türkmen, 20-nji asyryň başy

Şu günler I Jahan urşunyň başlanmagynyň 100 ýyllygy bellenilýär we bu urşuň türkmenlere ýetiren täsiri ýa-da getiren betbagtçylyklary barada türkmen metbugatynda maglumat berilmeýär.

Ýöne şol bir wagtda Türkmenistanda taryhy maglumatlary öwrenýän, olar barada taryhy kitap ýazan ýazyjylar hem bar.

Mysal üçin, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosyna özüniň «1916», «1924», «1931» diýen at bilen üç kitapdan ybarat taryhy trilogiýa ýazandygyny, emma bu eseriniň çap edilmändigini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýazyjy bilen geçiren söhbetdeşligini diňläp, taryhyň ak sahypalary meselesinde öz pikirleriňizi ýazsaňyz, sizden örän hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG