Sepleriň elýeterliligi

Bihr: Graždan aktiwligi informasiýa ýol açýar


"Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Ýewraziýa bölüminiň müdiri Ýohan Bihr.

"Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Ýewraziýa bölüminiň müdiri Ýohan Bihr.

Türkmenistanyň habar serişdelerinde berilýän maglumatlaryň mazmun taýdan çäkliligi, media azatlygynyň çäklendirilmegi jemgyýete nähili täsir ýetirýär? Jemgyýet üçin nähili howplary döredýär?

Azatlyk Radiosy bu sowallar bilen düýbi Fransiýada ýerleşýän ”Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Ýewraziýa bölüminiň müdiri Ýohan Bire ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, Türkmenistanda medianyň çäklendirilmegi jemgyýete nähili täsir ýetirýär we nähili howplary döredýär?

Ýohan Bihr: Informasiýanyň elýeterli bolmagy adamlaryň iň esasy hukugydyr. Hut maglumat almak hukugy adamyň beýleki hukuklarynyň berjaý edilmegini talap etmek üçin esasy şert bolup durýar. Informasiýanyň çäklendirilen ýagdaýynda korrupsiýa garşy hem göreşip bolmaýar, adam hukuklaryny-da talap edip bolmaýar, ekologiýa degişli we başga-da hiç bir beýleki problemalara garşy göreşip bolmaýar. Şonuň üçin erkin maglumatyň elýeterli bolmagynyň jemgyýetler üçin iňňän uly ähmiýeti bar. Maglumatyň çäklendirilmegi islendik problemalaryň çözgüdini petige diredýär.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün informasion tehnologiýalar gitdigiçe ösýärkä, türkmen jemgyýetiniň dünýädäki maglumatlardan üzňelikde saklanyp galmagyna, siziň pikiriňizçe, näme sebäp bolýar?

Ýohan Bihr: Şu günki gün ilaty informasiýadan doly üzňeleşdirmek gaty kyn, sebäbi informasiýa indi adamyň gündeki durmuşyny ählitaraplaýyn gurşap alýar, biziň telefonlarymyz, internet informasiýanyň çeşmesi bolup durýar. Emma şu günki gün hem maglumat elýeterliligini çäklendirip bolýar, ilata elýeterli bolup biljek maglumatlary saýlap berip bolýar. Internete gözegçilik edilýär, internet petiklenýär. Meselem, Türkmenistanda oppozision, garaşsyz habar serişdeleri petiklenýär.

Şeýle-de habar serişdelerinde berilýän maglumatlaryň mazmunyny ýöýmak arkaly, informasiýany dezinformasiýa öwrüp bolýar. Bu usul şu günki gün Orsýetde giňden ulanylýar. Şeýlelikde informasiýa çeşmeleri köpelen hem bolsa, maglumatyň manipulýasiýa, ýagny täsir guraly hökmünde ulanylmagy üçin hem mümkinçilikler saklanyp galýar. Şol bir wagtda-da bellemeli zat, şu gün repressiw döwletler üçin maglumatlary halk köpçüliginden doly ýaşyrmak kynlaşýar.

Azatlyk Radiosy: Şu günki informasiýa çeşmeleri jemgyýetler üçin nähili mümkinçilikleri we nähili howplary döredýär?

Ýohan Bihr: Informasion tehnologiýalaryň we internetiň ösüşi adamlaryň maglumat elýeterliligini artdyrýan hem bolsa, şol bir wagtda-da hökümetler üçin adamlara, jemgyýetlere gözegçiligi güýçlendirmek üçin hem has giň mümkinçilik berýär. Umuman aýdylanda, şu günki gün repressiw ýurtlar maglumatlaryň üstünden gözegçilik üçin hem resmi propagandany, hem media serişdelerindäki senzurany, hem-de internet ulanyjylara gözegçilik etmek tehnologiýalaryny ulanýarlar. Bu gurallaryň ählisiniň bir wagtda ulanylmagy metbugat azatlygyna howp salýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda informasiýa resmi taýdan çäklendirilýärkä, raýatlaryň, jemgyýetiň erkin maglumata eýe bolmagyna, siziň pikiriňizçe, mümkinçilik barmy?

Ýohan Bihr: Türkmen jemgyýeti maglumat çäkliligini ýeňip geçmäge ukyplydygyny görkezdi. Meselem, 2011-nji ýylda Abadanda bolan wakalar barada resmileriň dyman wagtynda türkmen raýatlarynyň mobil telefonlaryna surat alyp, ýaýradan maglumatlary habaryň ýurduň içine we daşyna ýaýramagyna ýol açdy. Şeýlelikde häzirki tehnologiýalar, Türkmenistanda klassyky habar serişdeleriniň çäklendirilmegine garamazdan, graždan žurnalistikasynyň, ýagny raýatlaryň aktiwliginiň ösmegine we ýurtdaky informasion üzňelige täsir ýetirip, erkin maglumat elýeterliligini giňeltmäge şans berýär. Emma adamlar internetiň özlerine berýän mümkinçilikleri bilen bir wagtda döredýän howplary hem ýatdan çykarmaly däl we özlerini töwekgelçiliklerden goramak mümkinçiliklerinden habarly bolmaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG