Sepleriň elýeterliligi

Aleppoda polisiýa edarasy partladyldy


Siriýaly pitneçiler Aleppo şäherindäki polisiýa edarasyny partladanda, azyndan 13 polisiýa işgäri we hökümet milisiýasy öldürildi.

Polisiýa edarasy aşagyndaky ötüklerde partlaýjy goýlup ýaryldy.

Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 29-njy iýulda yslamçy toparlaryň iki jihadçysynyň Aleppo galasynda ýerleşýän köne polisiýa edarasynyň aşagyndaky iki ötügi partladandygyny aýtdy.

Partlamadan soň hökümet güýçleri bilen pitneçileriň arasynda söweş tutaşdy diýip, habarda aýdylýar.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady. Siriýadaky söweşlerde iýulyň ortasyndan bäri 2000-den gowrak adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG