Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Festiwal betbagtçylyk bilen gutardy


Günbatar Afrika ýurdy bolan Gwineýadaky konsertde bolan dowul depeşeginde azyndan 24 adam heläk boldy.

Bu betbagtçylyk paýtagt Konarkide, 29-njy iýulda, Remezan aýynyň soňlanmagyna bagyşlanyp kenar ýakasynda guralan konsertde boldy.

Ölenlerden başga onlarça adamyň ýaradar bolandygy aýdylýar. Konserte birnäçe aýdym-saz topary gatnaşyp, olaryň arasynda Gwineýanyň meşhur rap topary «Instinct Killers», ýagny «Duýgy öldürijiler» hem bardy.

Ölenleriň köpüsiniň ýaş adamlardygy aýdylýar. Gwineýanyň prezidenti ölenleriň hormatyna bir hepdelik ýas yglan etdi.

Depeşegiň sebäplerini anyklamak üçin jenaýat derňewi başlandy.

XS
SM
MD
LG