Sepleriň elýeterliligi

Kair: partlamada üç adam öldi


Müsür hökümeti we howpsuzlyk güýçleri 30-njy iýulda, Kairiň günortasynda bolan partlamada üç adamyň ölendigini aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, bombalar maşynda alnyp barylýarka, wagtyndan öň partlap, bomba hüjümini planlaşdyran adamlaryň özlerini öldüripdir.

Giza welaýatynyň gubernatory güýçli partlamanyň maşyny çym-pytrak edendigini, bomba alyp barýanlaryň howpsuzlyk gulluklarynyň barlag nokatyny partlatmakçy bolandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG