Sepleriň elýeterliligi

'ABŞ Krymyň anneksiýasyny kabul etmez'


Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçiligine hödürlenen diplomat Birleşen Ştatlar Kremliň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegini hiç wagt kabul etmez we Orsýetiň Ukraindaky krizis bilen bagly hereketlerine göz ýumup bilmez diýdi.

Jon Teft 29-njy iýulda, Birleşen Ştatlaryň Senatynyň daşary gatnaşyklar komitetinde bolan tassyklama diňlenişiginde bu anneksiýa ýewropa howpsuzlygynyň esaslaryna wehim saldy diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama şu aýyň başynda, ozalky amerikan ilçisi Soçidäki Gyşky Olimpiýa oýunlaryndan soň Moskwany terk edenden soň, Tefti Orsýetdäki amerikan ilçisiniň wezipesine hödürledi.

XS
SM
MD
LG