Sepleriň elýeterliligi

Belarus gepleşiklere beýemçilik eder


Belarus Ukraina bilen Orsýetiň we ÝHHN-nyň arasynda gündogar Ukraianadaky krizis barada geçiriljek gepleşiklere beýemçilik etmekçidigini aýdýar.

Belarusyň prezident edarasy 30-njy iýulda ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň 29-nj iýulda bolan telefon gürrüňinde Aleksandr Lukaşenkodan gepleşiklere beýemçilik etmegi sorandygyny aýtdy.

Bu gepleşikler gündogar Ukrainada Malaýziýanyň ýolagçy uçarynyň ýykylan ýerine erkin barmak mümkinçiligini üpjün etmäge gönükdirilmeli.

Gündogar Ukrainadaky söweşler 29-njy iýulda ÝHHG-nyň, howpsuzlyk we hukuk guramasynyň wekilleriniň bu ýere barmagynyň tapgyr üçünji gün öňüni bekledi.

Şeýle-de Poroşenko Kiýewiň gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler tarapyndan saklanylýar diýýän zamunlarynyň boşadylmagy barada maslahat edilmegini isleýär.

XS
SM
MD
LG