Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ sanksiýalary güýçlendirýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 29-njy iýulda, Moskwanyň gündogar Ukrainadaky separatistlere goldawy sebäpli, Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirdi.

Obama Ak tamda çykyp gürläp, şu günki gün munuň Birleşen Ştatlaryň halkara jemgyýetçiligini jebisleşdirip, dünýä ýüzündäki halklaryň hukuklaryny goramak pozisiýasyny eýelemeginiň ýatlatmasy bolup durýandygyny nygtady.

Birleşen Ştatlar bu karara Ýewropa Bileleşigi 29-njy iýulda irden rus şahslaryna we kompaniýalaryna garşy has gerimli ykdysady sanksiýalary girizmek barada karara gelenden soň geldi.

Obama ýewropalylar bilen bilelikde hereket etmegiň sanksiýalaryň täsirini has-da güýçlendirjegini aýtdy.

ABŞ-nyň Gazna departamenti 29-njy iýulda, Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerine jogap edip, üç banky sektor sanksiýalarynyň sanawyna goşdy we bir gämi gurujy kompaniýa garşy sanksiýa girizdi.

XS
SM
MD
LG