Sepleriň elýeterliligi

Ene diliň gymmady


Türkmen diliniň sözlügi

Türkmen diliniň sözlügi

“Gülüň biten ýerinde, gadyry ýok” diýipdirler. Bu ene dili babatynda-da şeýle bolsa gerek. Indi köp ýyldan bäri, diliň kada-kanuny, adalgalary hem dürüs ýazuwy baradaky aladalar unudyldy.

Sözlükler

Dili özleşdirmekde hem dogry ýazmakda esasy gollanma sözlükler bolup durýar. “Türkmen diliniň sözlügi” häzire çenli ýekeje gezek, 52 ýyl mundan owal çap edilipdi.

“Türkmen diliniň orfografik sözlügi” soňky gezek 1989-njy ýylda çap boldy. Ondan bäri çärýek asyr geçdi.

Gynasak-da, ol kiril elipbisinde bolansoň, täze latynda ençeme sözüň nähili ýazylýandygy belli däl. Sebäbi kiril elipbiýi 38 harpdy, täze latyn bolsa 28 harp. Täze elipbiý maslahata goýulmazdan, köpçüligiň pikiri soralmazdan kabul edildi. Onuň öňküden on harpy kem bolansoň, mümkinçiliginiň pes boljagy belli.

Käbir fakt

Kadaly döwletlerde, düşündirişli sözlügiň birnäçe tomy bar. Meselem, rus diliniň 20 tomluk, iňlis diliniň hem 20 tomluk sözlügi bar. Häzir Beýik Britaniýa iňlis diliniň 30 tomlugyny taýýarlamagyň üstünde işleýär.

Orfografik sözlükler barada aýdylanda, ol kadaly döwletlerde, her ýylda çykarylýar.

Ýakyn goňşularymyz Gyrgyzystanda “Gyrgyz diliniň sözlügi” 2010-njy ýylda 1 tomluk, 2011-nji ýylda hem 2 tomluk bolup çapdan çykdy. Gyzgyz diliniň orfografik sözlügi soňky gezek 2009-njy ýylda çap edildi.

Täjigistanda “Täjik diliniň sözlügi” 2008-nji ýylda 2 tomluk bolup çapdan çykdy. “Ykdysady ýagdaýy agyr” diýilýän bu ýurtlaryň çykaran sözlügini goltugyňa alyp gidibermeli.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda aýry-aýry alymlar tarapyndan pudaklaýyn ugurlar boýunça taýýarlanan sözlüklerden başga resmi orfografik ýa-da Türkmen diliniň sözlügi asla çap bolmady.

Ene dili kime gerek?

Ene dilini goramak hem bu ugurda bir işler etmek häzir ýurtdan çetde galanlaryň aladasyna öwrüldi. Ene diline janköýerlik edýän döwlet ýa-da hökümet däl-de, köplenç ene dilinden mahrum bolup, ýat ilde ýaşaýanlar.

Ene dili ene toprakdan daşardakylar üçin, öz milliligini saklamagyň esasy serişdesi. Ene dili olara däp-dessuryny goramaga, kesekileriň arasynda ýitip gitmezlige kömek edýär.

Olar bu ugurda belli derejede görnükli iş bitirmegi başarýarlar. Meselem, merhum alym Aşyrpur Meredow tarapyndan taýýarlanylan Magtymgulynyň eserleriniň sözlügi dört kitap görnüşinde Eýranda – Türkmensährada çap boldy.
Ildeşimiz Jeren Täçmyradowanyň aladasy bilen Türkmençe-iňlisçe fundamental sözlük 1999-njy ýylda ABŞ-da çapdan çykdy. 700 sahypadan geçýän bu sözlük türkmen diline degişli örän baý maglumaty özünde jemleýär.

Soňky döwürde Günbatarda ýaşaýan ildeşlerimiz Türkmen diliniň sözlügini internete geçirip başladylar. Bu işe Türkmen kultur web sahypasy başlan bolsa, Ene dilim web sahypasy ony doly berjaý etdi. Ajap Sözlük atly web sahypa has baý hem onuň mümkinçiligi beýlekilerden artyk.

Şeýle sahypany döredýänler nähili gowy iş edýärler.

Janly hazyna

Beýleki hazynalardan tapawutlylykda, dil janlydyr. Janly miras bolany üçin, oňa aýawly çemeleşmeli bolýarys. Ol ynsan kalbynda hem dilinde ýaşaýar. Başgaça aýdylanda, dil şol dilde gürleýän adamlar bilen bile ýaşaýar.

Alymlar diliň kadaly ýaşamagy üçin, ýüz müň adamyň şol dilde geplemeginiň zerurdygyny aýdýarlar. Millet babatynda aýdylanda, çagalaryň 30% gowragynyň, ýagny her üç çagadan biriniň öz ene dilinde okamagy zerur. Şol şertde dil öz janlylygyny saklap bilýär.

Janly dil bolsa biziň maddy hem medeni baýlygymyzy goramagyň möhüm şerti. Dil adamlar arasynda milli bitewilik, ýagny ruhy birlik döredýär. Ene dil şol dilde gepleýänleriň pikirlenişini, isleg-arzuwlaryny biri-birine ýakynlaşdyrýar.

Dil milli baýlygy-da gorap saklaýar. Eger “Göroglynyň” ýa-da “Şasenem-Garybyň” dilinde gürleýän adam bolmasa, ol ýadygärlikler öz-özünden ölýär.
Ene dilimiz babatynda şeýle howpuň bolandygyny ýakyn taryhymyzdan görüp bilýäris.

1917-nji ýylda Orsýetde Oktýabr rewolýusiýasy bolup, bolşewikler häkimiýeti alanlarynda, bu imperiýa girýän dürli halklarda 193 dil bar ekeni. 1991-nji ýylda SSSR dargamanka, diňe 40 dil galypdyr. Şeýlelikde, SSSR-de her ýylda ortaça iki dil ölüpdir.

Şol wagtyň özünde şeýle howp türkmen diline-de abandy. Şäher ilatynyň dili, ähli iş kagyzlary rus dilinde ýöredildi. Oba ýerlerinde çagalar bakjalaryny rus diline geçirmek barada teklipler gurnaldy. 80-nji ýyllaryň ortalarynda, Türkmenistan Ylymlar akademiýasyndan, taryh ylymlarynyň kandidaty I.I. Şmakow türkmen diliniň öz ähmiýetini hem hyzmatyny doly ýitirendigini aýdyp, rus diline geçmegi öňe sürdi. Ol pikiri goldaýan milli intelligensiýa hem tapyldy. “SSSR ýene bäş-alty ýyl saklanan bolsa, türkmen dilinden resmi ýagdaýda ýüz öwrülmegi mümkindi” diýip çaklaýarlar.

Biziň dilimiz – biziň ruhy dünýämiz. Ol biziň häsiýetimiz hem durmuşymyz. Ol milletiň ruhy dünýäsini kemala getirýän gözbaş. Şonuň üçin her halkyň dili gaýtalanmajak medeni baýlyk bolup durýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişlidir.

XS
SM
MD
LG