Sepleriň elýeterliligi

Yragyň mukaddes ýerleri weýran edilýär


Şaýy metjidiniň harabalygy, Mosul, 23-nji iýul, 2014.

Şaýy metjidiniň harabalygy, Mosul, 23-nji iýul, 2014.

"Yslam döwleti” atly ýaragly topar iýun aýynda Yragyň demirgazyk-günbatar böleklerini basyp alansoň, başda özüni belli bir derejede aram güýç hökmünde görkezmäge çalşypdy we sebitde gözegçiligini artdyrmaga we ünsüni ýerli sünni jemgyýetleriň ynamyny gazanmaga gönükdiripdi. Emma öz-özüni halyfat diýip jar eden toparyň özüne ynamy artdygyça, ol yslam dini barada öz zabun garaýyşlaryna ters gelýän gymmatlyklary ýumrup, öz radikal maksatlaryny aýan edip başlady. Ýumrulan taryhy, dini gymmatlyklaryň köpüsi şaýylaryňky, emma soňky wakalar islendik dini obýektiň, onuň hristian dinine ýa-da sünni yslam dinine degişli bolmagyna garamazdan, dinden çykma diýlip hasaplanan ýagdaýynda howp astyna düşjegini görkezdi.

Tal Afar

“Yrak yslam döwleti we Lewant” diýip tanalýan Yslam döwletiniň söweşijileriniň günbatar Yrakdaky Tal Afar şäherini basyp almagynyň yzysüre bu toparyňky diýlip hasaplanýan Twitter sahypasynda şaýylaryň ýumrulan ybadathanalarynyň suratlary peýda boldy.

Şaffak täzelikler agentliginiň habaryna görä, Tal Afarda iýun aýynyň aýagynda şaýylaryň üç mukaddes ýeri we üç metjidi ýok edildi.

Mosul

Nineweh welaýatynyň paýtagty Mosul soňky hepdelerde Yslam döwletiniň mukaddes ýerlere garşy alyp baran urşunyň merkezine öwrüldi.

Ýonah (Ýunus) pygamberiň metjidi

Bu kaşaň toplum Ýunus pygamberiň gubruny öz içine alýar. Ýunus Töwratda we Gurhanda kit balygy ýuwudansoň diri galan pygamber hökmünde tanadylýar. Bu gonamçylyk ýewreýler, hristianlar we musulmanlar tarapyndan mukaddes ýer hasaplanýar.

​Söweşijiler gonamçylygyň daşynda partlaýjy maddalary ýerleşdirip, ony 24-nji iýulda harabalyga öwürdiler.

Şaýylaryň mukaddes ýerlerini goramak üçin Yraga Liwandan baran şaýylaryň şyhy Muktada al-Sadr gubruň ýok edilmegini ýazgardy. “Ol ähli dinleriň pygamberidi diýip, Beýrutyň "The Daily Star Online" neşiri Sadryň sözünden sitata getirýär.

Bu ýitgä garamazdan, käbirleri biziň eramyzdan öňki sekizinji asyrda döredilen gubruň gaýtadan dikeldilmegine garaşýarlar.

Seth metjidi

Bu ýer Adamatanyň we Howenäniň üçünji ogly Sethiň jaýlanan ýeri hasaplanýar. Musulmanlar, hristianlar we ýewreýler tarapyndan sylanýan Sethiň Mosulda ýerleşdirilen gubry 25-nji iýulda partladyldy.

Partlama şaýat bolan adamlaryň biri öz gören zatlary barada Frans Press agentligine (AFP) şeýle gürrüň berdi: “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri adamlaryň golaý barmagyna ýol bermediler we gubruň daşynda partlaýjy serişdeleri ýerleşdirip, ony adamlaryň gozüniň alnynda partlatdylar”.

Awn al-Din gubry

25-nji iýul Mosulyň gadymy Awn al-Din mukaddes ýadygärliginiň hem soňky güni boldy. Onuň ýok edilýän pursaty dokumentleşdirildi.

Ýirjis pygamberiň metjidi

”Yslam döwleti” diýilýän ýaragly ekstremistik topar Ýirjis pygamberiň metjidine hem el urdy. 14-nji asyrda gurlan bu metjit kiçijik gonamçylygy hem öz içine alýardy.

Mosulda ýerleşen bu metjidiň ýumrulmagyna öňünden taýýarlyk görlene meňzeýär.

Netijeler soň peýda boldy.

Mar Behnam

Biziň eramyzyň dördünji asyrynda gurlan we Mosuldan günorta tarapda ýerleşýän Beth Hdeda şäherçesinde ýerleşen Mar Behnam monastyrynyň haçlary Yslam döwletiniň güýçleriniň bu topluma hüjüm etmeginden öň aýryldy we monahlara hem ruhanylara ölümden gutulmaga mümkinçilik berdi.

Monastyr häzir gara baýdaklara bürenen hem bolsa saklanyp galdy, emma onuň gymmatlyklarynyň ykbaly bilen bagly aladalanma bildirilýär.

Al-Hadba minarasy

Egriligi bilen Piza diňine meňzeşligi üçin "Tüňňi minara" diýlip atlandyrylýan Mosulyň Al-Hadba minarasy ýok edilmägä höküm edildi.

Emma soňky maglumatlarda minaranyň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan halas edilendigi aýdylýar.

Imam al-Askari gonamçylygy

“Yslam döwleti” toparynyň bu sebitde ýaýbaňlanmagy tutuş dünýädäki şaýylaryň mukaddes ýerlerini goramak ugrundaky çagyryşlary köpeltdi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň göreşe girişmäge taýýardygyny birinji bolup mälim edenleriň arasyndadyr.

Yragyň baş ruhanysy aýatolla Ali al-Sistani juma namazynyň dowamynda ähli musulmanlara ýüzlenip, şaýylaryň mukaddesliklerini goramak üçin jebislige çagyrdy.

Saýylaryň ruhanysy Sadr Samarrada Imam al-Askari gonamçylygyny goramak boýunça edilen çagyryşlara goşuldy.

Samarradaky tagallalar dowam edýär. Iýun aýynyň aýagynda söweşijileriň şaýylaryň mukaddes gonamçylygyna atan raketalary uly heläkçilige getirdi we azyndan 14 adamyň ölümine sebäp boldy.

Bu gonamçylygyň 2006-njy we 2007-nji ýyllarda bombalanmagy dini toparlaryň arasynda dartgynlylygy güýçlendiripdi we ondan soňky ýyllaryň dowamynda müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolupdy.

Gonamçylyk soň dikeldildi we häzirki görnüşe getirildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG