Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk-Garabag: Iki esger öldürildi


Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag regionynyň häkimiýetleri Azeri güýçleri tarapyndan iki esgeriniň atylyp öldürilendigini habar berýärler.

Ykrar edilmedik respublikanyň Goranmak ministrligi 31-nji iýulda Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň regionyň demirgazyk bölegindäki Daglyk-Garabag güýçlerine hüjüm edendigini we iki esgeri öldürendigini mälim etdi.

Bu aralykda, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi özüniň 31-nji iýulda beren maglumatynda soňky 24 sagadyň dowamynda ermeni güýçleriniň ok atyşygy bes etmek baradaky karary 96 gezek bozandygyny aýdýar.

1990-njy ýyllaryň başynda bolan uruş döwründe Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistler Daglyk-Garabag sebitini Azerbaýjandan öz ellerine geçirmegi başarypdylar. Mundan soň, Baku bilen Ýerewanyň arasyndaky dartgynlylyklar dowam edip gelýär.

Şu ýylyň başyndan bäri bolan ok atyşyklarda iki tarapdan hem takmynan 20 esger heläk boldy.

Daglyk-Garabag sebitiniň garaşsyzlygy dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan ykrar edilmedi.

XS
SM
MD
LG