Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Russiýa “Ýukosa” $2,5 bermeli


Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy “Ýukos” nebit kompaniýasynyň öňki paýdarlaryna Russiýanyň 2,5 milliard amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölemelidigi barada karar çykardy.

31-nji iýulda çykarylan bu karar Russiýanyň Adalat ministrligi tarapyndan adalatsyz we esassyz diýip derhal berk ýazgaryldy. Ministrlik suduň çykaran bu kararyny şikaýat edip biljekdigini aýtdy.

Öňki nebit kompaniýasynyň wezipeli işgärleri Russiýanyň galp salgyt aýyplamalary esasynda kampaniýany bikanun ele geçirendiklerini öňe sürüp, suda şikaýat edipdiler.

Mundan öň Gaaganyň halkara Arbitraž sudy hem “Ýukos” nebit kompaniýasyna Russiýanyň 50 milliard amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölemeli barada karar çykarypdy.

XS
SM
MD
LG