Sepleriň elýeterliligi

Gazak bendileriniň öz bedenini kesendigi habar berilýär


Gazagystanda dört bendiniň hossarlary ýurduň günortasyndaky Şymkent şäherinde ýerleşýän jeza beriş koloniýasynyň golaýynda ýygnanyp, tussaglykdaky dogan-garyndaşlaryny görmäge rugsat berilmegini talap etdiler. Olar tussaglykdaky dogan-garyndaşlarynyň öz bedenlerine zeper ýetiren bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Bendileriň hossarlary özleriniň 31-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda resmiler häzirki wagt tussaglaryň ýekelikdäki kamerada saklanýandygyny aýdyp, olary görkezmegi ret edipdirler.

Tussaglaryň hossarlary “jeza beriş koloniýasyndaky şertlere we türme sakçylarynyň kemsitmelerine” protest bildirip, bendileriň öz garynlaryny kesip, ýazdyrandyklary barada özlerine maglumatyň gelip gowşandygyny aýdýarlar.

Geçen aý gazak paýtagty Astananyň golaýyndaky türmede birnäçe bendiniň öz garnyny kesendigi barada habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG