Sepleriň elýeterliligi

Italiýa: Ablýazowyň maşgalasynyň deporty “bikanun”


Italiýanyň Ýokary kassasion sudy geçen ýyl gazak dissidentiniň aýalynyň we gyzynyň deport edilmegi “mese-mälim bikanun” diýip karar çykardy.

Gazak oligarhy Muhtar Ablýazowyň aýaly Alma Şalabaýewa we onuň alty ýaşyndaky gyzy Alua 2013-nji ýylyň maý aýynda Italiýada geçirilen reýdde ele salnyp, mejbury ýagdaýda Gazagystana ugradylypdy. Bu waka Italiýada uly seslenme döredipdi.

Italian hökümetiniň ýüz tutmalarynyň yz ýany, dekabr aýynda gazak hökümeti Ablýazowyň aýalynyň we gyzynyň Italiýa dolanmagyna rugsat berdi.

Şalabaýewa we onuň gyzyna Italiýada bosgunlyk statusy berlipdi. Ablýazow häzirki wagt Fransiýada tussaglykda saklanylýar. Ol Russiýa we Ukraina ekstradisiýa edilmegine garşy göreşýär.

XS
SM
MD
LG