Sepleriň elýeterliligi

Ýatsenýugyň işden çekilmegi makullanmady


Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (s) we premýer-ministr A.Ýatsenýuk (ç), Kiýew, 31-nji iýul, 2014.

Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (s) we premýer-ministr A.Ýatsenýuk (ç), Kiýew, 31-nji iýul, 2014.

Ukrainanyň parlamenti premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň wezipesinden çekilmegini biragyzdan ret etdi.

31-nji iýulda geçirilen ses berişlikde diňe 16 kanunçykaryjy Ýatsenýugyň wezipesinden gitmegini kabul etdi, 109 adam ret etdi. 450 orunlyk parlamentiň galan agzlary ýa ýerinde bolmady ýa-da ses berişlige gatnaşmady.

Parlamentiň Ýatsenýugyň wezipesinden çekilmegi boýunça ses berişlik onuň ýurduň gündogarynda orsýetparaz separatistlere garşy harby çäreleriň dowam etdirilmegi üçin zerur diýip hasap edýän kanunynyň kabul edilmeginiň yz ýany geçirildi.

Ýatsenýugyň teklibiniň sebäbi

Häkimiýet başyndaky koalisiýanyň we parlamentiň býujete teklip eden düzedişlerini goldamak ukyby parlamentdäki iki partiýa tarapyndan şübhe astyna alnansoň, 24-nji iýulda Ýatsenýuk özüniň wezipeden çekilýändigini yglan etdi.

Onuň wezipeden çekilmegi parlament tarapyndan goldanan ýagdaýynda ýurtda parlament saýlawlary wagtyndan öň geçirilmeli bolardy.

Deputatlar 2014-nji ýylyň býujetine goşmaçalary girizmegi makullap, Ýatsenýugyň wezipesinden çekilmegini ret edensoň, hökümet baştutanyna el çarpyp goldaw bildirdiler.

Ýatsenýugyň býujete üýtgetmeleri girizmek boýunça eden teklipleri garaşylyşyndan has pes girdejileriň öwezini dolmagy we artan çykdajylary üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Býujetden 758 million dollar möçberindäki goşmaça puluň separatistlere garşy harby kampaniýa üçin sarp edilendigi aýdylýar.

Ýatsenýuk, eger uýtgetmeler girizilmese, Ukrainanyň defolta uçrajagyny we munuň Halkara maliýe fondy tarapyndan 17 milliard dollar pul kömeginiň berilmegine pasgel boljagyny aýtdy.

Poroşenko kanun barada

Poroşenko 31-nji iýulda parlamentiň maslahatynyň başynda eden çykyşynda bütewülige çagyrdy.

"Men, prezident hökmünde Ukrainanyň hökümetine we parlamentiň agzalaryna bir anyk talap bilen ýüzlendim. Daşarky agressiýa sebäpli biz jebis bolmaga borçly” diýip, Poroşenko aýtdy.

Poroşenko kanun çykaryjylary hökümetiň hödürlän “köpler tarapyndan makullanmaýan” kanunyny goldamaga ündedi we “onuň ýokary derejede” zerurdygyny aýtdy.

“Şu günki gün parlamentiň kararlary diňe bir goşunyň maliýeleşdirilmegi üçin zerur bolman, ýurduň ykdysadyýetiniň umuman işlemegi we adamlaryň özlerini ynamly we goragly duýmagy üçin zerur” diýip, Poroşenko nygtady.

Ukrainanyň prezidenti kanun çykaryjylary we hökümeti barlyşyga gelmäge we parlamentiň işlemegini gazanmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG