Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl bilen Hamaz täzeden ýaraşdy


Palestinalylar top okundan gaçýar, Gaza, 30-njy iýul, 2014.
Palestinalylar top okundan gaçýar, Gaza, 30-njy iýul, 2014.

Ysraýyl bilen Hamaz jeňçi topary Gaza zolagyndaky atyşyklary ynsanperwer esaslarda, hiç bir şertsiz ýagdaýda 72 sagatlap togtatmak barada ylalaşyga geldi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munyň 31-nji iýulda çap eden bilelikdäki beýanatynda bu ýaraşygyň 1-nji awgustda, Praga wagty bilen sagat 0700-da başlanjagy aýdyldy.

Beýanatda ýaraşyk mahaly «wakanyň bolýan ýerindäki güýçleriň öz orunlarynda galjagy" aýdyldy.

Ysraýylyň we Hamazyň delegasiýalarynyň «gyssagy bilen» Kaire gidip, uzak möhletli ýaraşyk ylalaşygyna gelmek üçin, Müsüriň hökümeti bilen gepleşik geçirmeklerine garaşylýar.

Beýanatda bu ýaraşygyň asuda ilata gyssagly ynsanperwer kömegini ýetirmek, ýaralylara seretmek, azyk ätiýaçlyklaryny toplamak üçin zerurlyk bolandygy aýdylýar.

Ysraýylyň we Hamazyň resmileri iki tarapyň ýaraşyga razy bolandygyny resmi taýdan tassyk etdiler.

Gazada üç hepdeden gowrak ozal başlanan konfliktde birnäçe gezek ynsanperwer ýaraşygy yglan edildi, emma olaryň her biri atyşygyň gaýtadan başlanmagy bilen bozuldy.

Kerri Nýu-Delide žurnalistleriň öňünde çykyp gürläp, atyşygyň bes edilmegini «asudalyk mümkinçiligi» diýip atlandyrdy we taraplary umumy dil tapyşmak üçin elden gelen tagallalaryny etmäge çagyrdy.

Kerri Ysraýyla entegem «goranyş» operasiýalaryny geçirmäge, ýagny onuň Gazadaky ötükleri ýok etmeklige gönükdirilen çärelerine rugsat beriljekdigini aýtdy.

Ýewreý döwleti palestin jeňçileriniň hüjüm etmek üçin ulanýan ötüklerini ýok etjegini aýdýar.

Gaza resmileri 24 günlük konfliktde, Ysraýyl öz Gazadaky hüjümine başlaly bäri 1,450-den gowrak palestinalynyň öldürilendigini, olaryň köpüsiniň asuda adamlardygyny aýdýarlar.

Ysraýyl tarapdan 61 esger we üç sany asuda adam öldürildi.

BMG-niň maglumatlaryna görä, söweş sebäpli Gazanyň ilatynyň bir çärýegi ýaşaýan ýerinden bosdy.

Ysraýyl bu hüjümiň öz ilatyny palestin jeňçileriniň hüjümlerinden goramak niýeti bilen amala aşyrylýandygyny aýdýar.

BMG-niň adam hukuklary başlygy Nawi Pillaý Ženewada çykyş edip, Ysraýyly Gaza konfliktinde halkara kanunçylygyna «bilkastdan boýun bolmazlykda» tankytlady.

Pillaý ýaşaýyş jaýlaryna, mekdeplere, hassahanlara we BMG-niň Gazada 25 müň asuda adama pena bolan desgalaryna edilen hüjümleri ýatlatdy.

Ysraýylyň toplary 30-njy iýulda Jabaliadaky bosgun lagerinde BMG-niň garamagyndaky mekdebi oka tutup, 16 adamy öldürdi.

Ak tam 31-nji ýanwarda bu topa tutmany "düýpden kabul ederliksiz we düýpden aklap bolmajak zat" hökmünde häsiýetlendirdi.

Ysraýyl Hamazy BMG-niň desgalaryny we beýleki ýerleri ýarag saklamak hem raketa hüjümlerini etmek üçin ulanmakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG