Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Döwlet howpsuzlygy maslahat edildi


Türkmenistanda kanuny goraýjy we güýç edaralarynyň soňky ýedi aýyň dowamynda eden işine baha berildi. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň 31-nji iýulda geçirilen maslahatynda Milli howpsuzlyk gullugynyň, Serhet, Migrasiýa we Gümrük gulluklarynyň, Içeri işler hem Adalat ministrlikleriniň we Baş suduň ýolbaşçylary hasabat berdiler.

Türkmenistanyň prezidenti güýç edaralaryň düzüminde disiplinanyň we işgärleriň düzüminde arassalygyň pugtalandyrylmagyny talap etdi, şeýle-de, prokurorlary işden aýyrmak we täzelerini bellemek boýunça permana gol çekdi. Permana laýyklykda ýurduň welaýatlarynyň prokurorlarynyň onlarçasy çalşyryldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň maslahatynda bikanun neşe dolanyşygyna garşy göreş meselesine seredildi. G.Berdimuhamedow bu ugurdan Türkmenistanda sagdyn jemgyýetiň howpsuzlygyny goramak boýunça döwlet gullugynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin goşmaça çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

Türkmenistanda neşekeşligiň we neşe gaçakçylygynyň hakyky derejesini görkezýän resmi maglumatlar çap edilmeýär. Türkmenistanyň dünýäde dolanýan neşe serişdeleriniň esasy çeşmesi hasaplanýan Owganystan bilen uzynlygy 700 kilometrden gowrak umumy serhedi bar.

XS
SM
MD
LG