Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Blogerler kanuny güýje girdi


Orsýetde 1-nji awgustda “Blogerler barada” kanun güýje girdi. Kanuna laýyklykda her gije gündizde üç müňden gowrak adam tarapyndan okalýan bloglar Orsýetiň gözegçilik boýunça komitetiniň sanawynda hasaba alynmaly.

Orsýetiň prezidenti bu kanuna 2014-nji ýylyň 5-nji maý aýynda “terrora garşy” kanunlaryň düzüminde gol çekdi.

Kanun resmi hasaba alnan bloglaryň eýelerini ýerleşdirilen maglumatlarynyň hakykydygyny barlamaga, saýlawlardan öňki agitasiýanyň düzgünlerini berjaý etmäge, raýatlaryň şahsy durmuşy barada we ekstremistik mazmunly maglumatlary bermezlige, şeýle-de çap edýän maglumatlar üçin ýaş çäklendirmeleri kesgitlemäge borçly edýär.

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasyndan Hugh Williamson kanunyň kabul edilmegini Orsýetde pikir azatlygyna basyşlaryň nobatdaky tapgyry diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG