Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza: Ýaraşykda ok atylýar


Gaza sektorynda ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden sähelçe wagt geçensoň onuň berjaý ediljegine şübhe döredi.

Palestinanyň resmileri 1-nji awgustda ýaraşygyň güýje girmeginden birnäçe sagat geçensoň Ysraýyl tarapyndan atylan okuň Gazada sekiz adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdylar. Ysraýyl bolsa palestinaly söweşijileri düzgüni bozmakda aýypladylar.

BMG-niň we ABŞ-nyň araçylygynda gelnen 72 sagatlyk ynsanperwer ýaraşygy Ysraýylyň we Palestinanyň arasynda Kairde uzakmöhletleýin ylalaşyga gelmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Ysraýyl Gaza edýän hüjümlerini 8-nji iýulda başlaly bäri yglan edilen ynsanperwer ýaraşyklary taraplaryň söweşleri dowam etdirmegi sebäpli ençeme sapar bozulypdy.

Gazanyň resmileri konfliktiň dowamynda 1450 palestinalynyň wepat bolandygyny aýtdylar.

Ysraýyl tarapyndan 61 esger we üç parahat ýaşaýjy wepat boldy. Ysraýyl öz harby çäreleriniň öz ilatyny söweşijilerden goramak üçin geçirilýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG