Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan iki raýatyny içalyçylykda aýyplady


Bakunyň sudy azerbaýjanly iki adamy Eýranyň peýdasyna içalyçylyk etmekde günäli tapyp, ömürlik tussaglyga höküm etdi.

1-nji awgustda Hafiz Waliýew we Agamir Agamirow döwlete dönüklik etmekde resmi derejede günäli hasaplandy we şol günüň özünde tussag edildi.

Derňewçiler aýyplanan iki adamyň Eýranyň aňtaw gulluklarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň anyklanandygyny aýtdylar.

Sud diňlenişigi ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirildi we köpçülige goşmaça maglumat berilmedi.

Azerbaýjan 2012-nji ýyldan bäri özüniň ençeme raýatyny Eýranyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplap tussag etdi.

Tähranyň we Bakunyň arasyndaky dartgynlylyk 2012-nji ýylda güýçlenipdi. Azerbaýjanyň häkimiýetleri Eýranyň Azerbaýjanda hüjüm geçirmek boýunça taýýarlyklaryna gatnaşygy bolandygyny aýdyp, ençeme raýatyny tussag edipdi.

XS
SM
MD
LG