Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: 70 bilermen uçar heläkçiligini derňeýär


Gollandiýanyň hökümeti 1-nji awgustda 70 adamdan gowrak halkara bilermenler toparynyň Ukrainada separatistleriň gözegçiligindäki giňişliklerde heläkçilige uçran MH17 uçarynyň ýere gaçan ýerinde wepat bolan ýolagçylaryň jesetlerini tapmak boýunça işlere gatnaşýandygyny aýtdy.

Adalat minsitliginiň beýannamasyna görä, bilermenler heläkçiligiň bolan ýerine anna güni irden barypdyr.

Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we Orsýete tarapdar separatistleriň arasynda dowam edýän söweşler uçar heläkçiliginde wepat bolanlaryň jesetlerini gözlemek boýunça işlere päsgelçilik berýär.

17-nji iýulda bolan uçar heläkçiliginde 193 raýatyny ýitiren Gollandiýa 200-den gowrak tabyt iberildi, emma häläk bolanlaryň ýene ençemesiniň jesedi indi tapylmaly.

Şol bir wagtyň özünde-de Ukrainanyň harbylary 1-nji awgustda derňewleriň geçýän ýeriniň golaýyndaky Şahtarsk şäheriniň ýanynda separatistleriň hüjümi zerarly 14 adamyň, şol sanda azyndan 10 esgeriň wepat bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG