Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Putiniň ýaranynyň derňelmegini soraýar


Russiýanyň güýçli mediamagnaty Mihail Lesin

Russiýanyň güýçli mediamagnaty Mihail Lesin

Birleşen Ştatlaryň senatory ýurduň federal resmilerinden Russiýanyň güýçli mediamagnatynyň Kaliforniýada gymmatbaha emläkleri satyn almak üçin bikanun gazanylan pullary ulanyp-ulanmandygyny derňemegi soraýar. Russiýanyň güýçli mediamagnaty Mihail Lesin Kreml tarapyndan maliýeleşdirilýän “RT” telekanalynyň arkasynda duran adam diýlip hasaplanylýar.

Birleşen Ştatlaryň senatory Roger Wikker (Roger Wicker) ýurduň Adalat departamentinden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň öňki metbugat ministri - Mihail Lesiniň Los-Anjelos sebitinde gymmaty ençeme million amerikan dollaryna barabar bolan jaýlary satyn almak üçin “Ýurduň daşyndaky korrupsiýa” baradaky kanuny bozup-bozmandygyny ýa-da hapa pullary ýuwup-ýuwmandygyny derňemegi sorady.

“Men... Jenap Lesin hökümetde ýerine ýetirýän wezipesinden soň, öz ýakyn dogan-garyndaşlaryny Kaliforniýanyň Los-Anjelos şäherine göçürendigini bilýärin. Lesin bu ýerde gymmaty 28 million amerikan dollaryna barabar bolan ençeme rezidensiýany satyn alypdy. Russiýanyň döwlet işgäriniň bu emläkleri satyn almak we olary saklamak üçin esli serişde ýygnap biljekdigi... çynlakaý manyda soraglary döredýär” diýip, Wikker 29-njy iýulda ýazan hatynda belleýär.

Sanator Wikkeriň tweeti:

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamentiniň metbugat wekili Peter Kar (Peter Carr) Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda gürrüňi gidýän hatyň özlerine gelip gowşandygyny we häzirki wagt onuň gözden geçirilýändigini aýtdy.

56 ýaşyndaky Lesin Wladimir Putiniň prezidentliginiň birinji möhletini ýerine ýetiren döwri garaşsyz “NTV” telekanaly arkaly döwlet kontrollygyny berkitmekde esasy rol oýnady. Şondan soň ol Putiniň prezidentliginiň ikinji möhletinde Kremliň maslahatçysy wezipesini ýerine ýetirmäge başlady. Häzriki wagt bolsa Lesin döwlet eýeçiligindäki “Gazprom-Media” edarasyna ýolbaşçylyk edýär. “Gazprom-Media” Russiýanyň iň uly media edarasydyr.

Wikkeriň edarasy tarapyndan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gelip gowşan we Birleşen Ştatlaryň jemgyýetçilik emläklerini hasaba alyş edarasy tarapyndan tassyklanylan resminamalarda Lesiniň ýakyn dogan-garyndaşlary bilen baglanyşykly kompaniýalaryň Los-Anjelos sebitinde üç emlägi satyn alandygy görünýär.

Olaryň arasynda Bawerliý Hilz (Beverly Hills) sebitinde ýerleşýän we tutýan meýdany boýunça 1 müň 200 kwadratmetre barabar bolan jaý bar. Bu jaý 2011-nji ýylyň awgust aýynda “Dastel Coroporation” kompaniýasy tarapyndan 13,8 million amerikan dollaryna satyn alnypdyr. Birleşen Ştatlaryň döwlet arhiwiniň maglumatlaryna görä, Lesiniň ogly Anton Lessine bu kompaniýada korporatiw işgär hökmünde hasaba alnandyr.

Döwlet arhiwiniň we Kaliforniýanyň Ýokary sudunda dowam edýän sud işiniň maglumatlarynda bu öýüň adresi we “Dastel” kompaniýasynyň iş adresi bir bolup görünýär.

“The Los Angeles Times” neşiriniň maglumatyna görä, “Bawerleý Park” sebitinde ýerleşýän ikinji emläk bolsa, 24 sagatlap janpenalar tarapyndan goralýan kaşaň ýaşaýyş jaý toplumy bolup, bu territoriýada aktýor Samuel L.Jakson (Samuel L. Jackson) we professional basketbolçy Majik Johnson (Magic Johnson) ýaly ýyldyzlaryň rezidensiýalary ýerleşýär.

Şeýle-de, “Dastel” kompaniýasy 2012-nji ýylda gymmaty 9 million amerikan dollaryna barabar bolan “Brentwood” jaýyny hem satyn alypdyr. Bu jaýyň tutýan meýdany takmynan 1 müň kwadratmetre barabardyr.

Üçünji jaý bolsa “HFC Management” şereketi tarapyndan “Bawerleý Hilz” sebitinde 5,6 million amerikan dollaryna satyn alnypdyr. Bu jaýyň tutýan meýdany takmynan 630 kwadratmetre barabar. Gürrüňi gidýän kärhanada Lesiniň gyzy Ýekaterine Lesina kompaniýanyň işgäri hökmünde hasaba alnandyr.

Los-Anjelos sebitinden Ýekaterine Lesina atly bir şahs “LinkedIn” sosial ulgamdaky hasapda özüni “RT” telekanalynyň prodýuseri hökmünde belläpdir. Elbetde, bu şahsyň hakykylygyny tassyklap bolmaýar.

31-nji iýulda Anton Lessine gürrüňi gidýän mesele barada maglumat bermekden boýun gaçyrdy. Ol bu barada “Dastel” kompaniýasynyň işgäri hökmünde ady bellenen Ilýa Tsipise habar berýär.

Ýekaterine Lesinanyň “Bawerliý Hilzdäki” rezidensiýasynda telefona jogap beren zenan hem Lesiniň gyzynyň häzirki wagtda öýde ýokdugyny mälim etdi. Lesina şondan soň, maglumat bermegi soralyp jaň edilen telfonlara dolanyp jogap bermedi.

Lesin we onuň maşgalasyna garşy gozgalan sud işi netijesinde mediamagnat we onuň maşgalasy gymmaty ençeme million amerikan dollaryna barabar bolan dördünji bir emläk bilen hem baglanyşydyrylýar.

Lesine we onuň maşgalasyna garşy gozgalan bu sud işinde Martina Landis atly hojalykçy gürrüňi gidýän emläkde işlän döwri zähmet kanunynyň bozulmagy we bikanun işden çykarylmagy ýaly diskriminasiýalaryň bolandygyny öňe sürüp, özüne azyndan 1 million amerikan dollary möçberinde kompensasiýa berilmegini talap edýär.

Landisiň Kaliforniýanyň Ýokary suduna beren arzasynda ol maşgalanyň “Bawerleý Hilzdäki” beýleki jaýynda işländigini aýdýar we ol şol jaýy “Lensinleriň öýi” diýip atlandyrýar.

Gürrüňi edilýän bu emläk “Java Drive Inc” atly kompaniýanyň eýeçiliginde bolup, ol 2009-njy ýylda 4,3 million amerikan dollaryna satyn alnypdyr. Bu jaýyň ady Wikkeriň edarasy tarapyndan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna berlen dokumentlerde agzalmaýar.

Lesiniň Birleşen Ştatlaryndaky emläklerini derňemek baradaky çagyryş Ukraindaky krizis sebäpli Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasyndaky garşy durmalar dowam edýän mahaly bolup geçýär.

Waşington Kremliň Krymy anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistler tarapyndan turzulan ýaragly pitnä garşy jogap hökmünde Orsýetiň Putine ýakyn durýan täsirli resmileriniň we gurply işewürleriniň birnäçesine garşy eýýäm sanksiýalary girizdi.

Amerikan kanunçykaryjylary resmilerden Lesiniň Los-Anjelos şäherinde gymmatbaha emläkleri satyn almak üçin ulanan pulunyň bikanun bolup-bolmandygynyň derňelmegini isleýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG