Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ekspertler MH17-ni derňeýär


Halkara ekspertleri gündogar Ukrainada urlup ýykylan “Malaýziýa howaýollaryna” degişli MH17 reýsli uçaryň gaçan ýerinde derňew işlerine başladylar.

Halkara ekspertleri gündogar Ukrainada urlup ýykylan “Malaýziýa howaýollaryna” degişli MH17 reýsli uçaryň gaçan ýerinde derňew işlerine başladylar.

Halkara ekspertleriniň bir topary 1-nji awgustda gündogar Ukrainanyň orsýetparaz separatistler tarapyndan kontrollyk edilýän sebitinde urlup ýykylan “Malaýziýa howaýollaryna” degişli MH17 reýsli uçaryň gaçan ýerinde we onuň töwereklerinde bu heläkçilikde pida bolanlaryň jesetlerini tapmak üçin gözleg işlerine başlady.

Golland Adalat ministrliginiň ýaýradan beýanatynda “Gollandiýaly we awstraliýaly ekspertler anna güni irden uçar heläkçiliginiň bolan ýerine bardylar... Uçar heläkçiliginiň bolan ýerinde 70 ekspert gözleg işlerini geçirer” diýilýär.

“Malaýziýa howaýollaryna” degişli MH17 gatnaw ugurly uçar urlup ýykylanda 298 ýolagçynyň we ekipažyň ählisi heläk boldy. Ol uçaryň orsýetparaz separatistler tarapyndan urlup ýykylandygy aýdylýar.

Bu heläkçilikden soň Günbatar ýurtlarynyň häkimiýetleri Russiýany agzalýan uçary urup ýykmaga ukyply raketalary separatistlere bikanun ýagdaýda berenlikde aýyplady.

Russiýa inkär edýär

Russiýa bolsa separatistleri ýarag, maliýe serişdeleri we söweşijiler bilen üpjün edýändigi baradaky maglumatlary inkär edýär.

Gürrüňi gidýän uçar heläkçiliginiň bolan ýerinde pida bolanlaryň galan jesetlerini gözläp tapmak işine şu günki güne çenli Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen orsýetparaz pitneçileriň arasynda dowam edýän söweşler päsgel berip geldi.

17-nji iýulda bolan uçar heläkçiliginde 193 raýatyny pida eden Nederlandlara 200-den gowrak tabyt ugradylypdy. Ýöne gündogar Ukrainada dowam edýän ýaragly çaknyşyklar zerarly heniz jesetleriň galan bölekleri gözlenip tapylmandy.

Ukrainanyň harbylary 1-nji awgustda orsýetparaz pitneçiler tarapyndan Şahtýorsk şäherçesiniň golaýynda gurnalan harby duzaga düşüp, 14 adamyň, şol sanda azyndan 10 esgeriň öldürilendigini habar berýär.

Bu şäherçe gürrüňi edilýän uçar heläkçiliginiň bolan ýeriniň golaýynda ýerleşýär.

Ykbaly näbelli...

Ukrain harbylary separatistler tarapyndan amala aşyrylan duýdansyz hüjümden soň, harby bölümiň hataryndaky 13 esgeriň ykbalynyň näbelli bolup galýandygyny mälim etdiler.

“Malaýziýa howaýollaryna” degişli uçar urlup ýykylaly bäri, Donetks we Lugansk şäherleriniň golaýyndaky birnäçe şäherçeden söweşijileri gysyp çykarmak arkaly Ukrainanyň güýçleri pitneçilere garşy harby hüjümleri güýçlendirdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Munyň ok atyşygy bes etmek baradaky çagyryşyna jogap hökmünde Ukrainanyň harby güýçleri “parahatlylyk gününi” yglan edensoň, uçar heläkçiliginiň bolan ýerine 31-nji iýulda ekspertleriň kiçeňräk topary ilkinji gezek baryp gördi.

1-nji awgustda Ukraina barýan gollandiýaly we awstraliýaly ekspertlere Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmileri ýoldaş bolýarlar.

Awstraliýanyň resmileri gürrüňi gidýän heläkçiligiň bolan ýerinde henizem 80 töweregi jesediň galan bolmagynyň mümkindigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG