Sepleriň elýeterliligi

Türkmen diliniň gowgaly ýoly


Türkmen dilini ösdürmek üçin ýeterlik ünsüň berilmeýändigini aýdylýar.

Türkmen dilini ösdürmek üçin ýeterlik ünsüň berilmeýändigini aýdylýar.

Türkmen dili Türkmenistanda döwlet dili, Eýranda, Owganystanda bolsa etniki türkmenleriň arasynda gepleşik dili hökmünde giňden ulanylýar.

Türkmen dilinde gazet-žurnallar çykarylýar, radio we telegepleşikler taýýarlanýar, kitaplar çap edilýär, internetde, sosial ulgamlarda makalalar, çeper eserler, başga dillerden türkmençä geçirilen goşgular, hekaýalar peýda bolýar, çekişmeler, pikir alyşmalar guralýar.

Ýöne muňa garamazdan, türkmen ýaşlarynyň öz ene dilinde arassa, sowatly, kämil gürlemek we ýazmak ukybyny ösdürmäge ýeterlik üns berilmeýändigini aýdýanlar hem bar.

Mundan başga, türkmen dil biliminiň gözbaşynda duran dilçi alymlar, olaryň pajygaly ykballary, edebi diliň kämilleşmegi we ähli türkmen tire-taýpalaryna ortak, umumy dil bolup hyzmat etmegi üçin edilen we edilmeli işler barada hem ýaşlaryň az zat bilýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy türkmen edebi diliniň kökleri we ösüş perspektiwasy barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbeti diňläp, pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG