Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synaglar nähili geçirilmeli?


Synaglar nähili geçirilmeli?
Synaglar nähili geçirilmeli?

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) giriş synaglary dowam edýär. Resmi metbugatda habar berlişine görä, şu ýyl 25 müň 182 adam harby bolmadyk 19 sany ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin dalaş edýär. Prezidentiň kararyna laýyklykda, bu ýyl dalaş edýän ýaşlaryň 6 müň 861 sanysy ýokary okuw jaýlaryna kabul ediler.

Mälim bolşy ýaly türkmen ÝOJ-larynyň aglabasynda giriş synaglary dil ýa-da ýazuw üsti bilen geçirilýär. Halkara türkmen-türk uniwersitetinde bolsa, giriş synaglary belli bir döwürde iki tapgyrda umumy bir test görnüşinde hem amala aşyrylýardy.

Munuň bilen baglylykda Gazagystanda orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara umumylykda bir synag geçirilip, olar bu synagda alan ballary esasynda hem ýokary okuw jaýlaryna ýerleşýärler. Ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary ýurtdan-ýurda üýtgäp, olaryň hersinde dürli usullardan peýdalanylýar.

Dünýä tejribesi nazara alnanda, türkmen ÝOJ-laryna giriş synaglary nähili gurnalsa ýaşlar üçin has amatly bolardy? Şeýle-de, nähili edilende, bolup biläýjek galplyklaryň öňüni alyp bolardy? Ýaşlaryň özleri bu barada näme pikirde?

Täze Tolkunyň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy, bellikleriňizi gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Garaýyşlaryňyzy teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG