Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Duşenbe: Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy


4-nji awgustda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi taýdan açylyş dabarasy boldy. Dabara “Aýni” adyndaky opera we balet akademiki teatrynda geçirildi. Berilýän resmi maglumata görä, türkmen delegasiýasynyň topary 60 adamdan ybarat bolup, oňa Türkmenistanyň Milli Medeniýet merkeziniň baş direktory ýolbaşçylyk edýär. Açylyş dabarasynyň çäginde Kerimguly Gorowow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy üçin ýörite interwýu hem berdi. Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri 7-nji awgusta çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG