Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Ýer titremede 400 adam öldi


Hytaýyň günorta-günbataryndaky halas ediş işgärleri ýer titremede ýumrulan jaýlaryň arasynda gysylyp galan adamlary hasal etmek üçin tagalla edýärler. 3-nji awgustda Hytaýyň günorta-günbatarynda bolan bu tebigy hadysada azyndan 400 adam öldi, şeýle-de 1 müň 800-den gowragy ýaralandy.

Halas ediş işgärleri ýurduň çetki Ýunnan welaýatynda we onuň goňşusy Guizhou we Sinşuan welaýatlarynda gazuw işlerini amala aşyrýarlar.

Ýöne güýçli ýagan ýagşyň netijesinde regionyň daş düşelmedik ýollary geçilmesi kyn palçykly ýollara öwrülip, sebite halas ediş serişdeleri, çadyrlary we gumanitar kömekleri ugratmaklygy kynlaşdyrdy.

Hytaýyň döwlet metbugaty 6,1 bal derejesinde bolan ýer sarsmada 12 müňden gowrak binanyň ýumrulandygyny we 30 müň töweregine zeper ýetendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG