Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Abdullanyň topary audite goşuldy


Owganystanyň prezidentligine dalaş edýän kandidat Abdulla Abdulla (Abdullah Abdullah) ýurduň saýlaw býulletenlerini gaýtadan sanamak prosessine täzeden goşuldy. Bu waka Birleşen Milletler Guramasy bilen Owgan saýlaw resmileriniň arasynda Kabulda bolan gepleşiklerden bir gün soň boldy.

Owganystanyň garaşsyz saýlaw komissiýasynyň metbugat wekili Nur Muhammed Nur 4-nji awgustda sesler gaýtadan sanalan mahaly Abdullanyň saýlaw toparynyň wekilleriniň gelendigini aýtdy.

Mundan öň, Abdullanyň topary sesleri täzeden sanamak boýunça ylalaşylmadyk meseleleriň bardygyny aýdyp, 3-nji awgustda sesleriň sanawynyň geçirilýän ýerine gelmekden boýun gaçyrypdylar.

Muňa garamazdan, Birleşen Milletler Guramasy 3-nji awgustda Abdulla bilen ylalaşyga gelnendigini yglan etdi.

14-nji iýunda Owganystandan geçirilen prezidentlik saýlawlaryň ikinji tapgyryndaky 8 million býulleteniň auditi iki kandidatyň arasynda bolan tehniki düşünişmezlik sebäpli togtadylypdy.

XS
SM
MD
LG