Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl hüjümlerini dowam etdirýär


Ysraýyl Gaza zolagynyň aglaba böleginde birtaraplaýyn ok atyşygy bes etdi. Bu çäre Ysraýylyň Gazadaky Birleşen Milletler Guramasynyň gonalgasyna eden hüjümi halkara derejesinde ýazgarylan mahaly bolup geçdi.

Emma “Hamas” topary ýedi sagat dowam etjek bu ýaraşyga goşulmajakdygyny aýdyp, ýaşaýjylara daşardan abanjak howpa garşy “iň aňrybaş derejede seresap bolmaklaryna” çagyryş etdi.

Ysraýylyň howa hüjümleri netijesinde söweşiji “Yslamçy Jyhad” toparynyň komandiri Daniel Mansour 4-nji awgustda Gazanyň demirgazygyndaky öýünde öldürildi.

Gürrüňi gidýän “Yslamçy Jyhad” topary “Hamas” toparynyň ýakyn ýarany hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG