Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-nyň synçylary rus-ukrain serhedini terk etdi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Russiýanyň Gukowo barlag nokadyndaky synçylarynyň howpsuzlyk aladalary sebäpli territoriýany terk edendigi habar berilýär. Rostow regionyndaky bu barlag nokady Russiýanyň Ukraina bilen araçäginiň golaýynda ýerleşýär.

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň metbugat wekili Wasiliý Malaýew ÝHHG-niň missiýasynyň gürrüňi gidýän territoriýany 4-nji awgustda terk edendigini habar berýär. Şeýle-de, ol bu çäräniň Ukrainanyň gündogarynda ýurduň hökümet güýçleri tarapyndan Russiýa tarapdary separatistlere garşy harby operasiýalar dowam edýän mahaly amala aşandygyny mälim edýär.

Malaýew 400-den gowrak ukrain güýçleriniň, şol sanda 160 töweregi ukrain serhet gullukçysynyň 4-nji awgustda Russiýanyň territoriýasyna geçendigini öňe sürdi. Ol bu çäräniň Ukrain güýçleriniň Gukowo barlag nokadyndan serhedi geçmeklerine Russiýa rugsat berensoň, amala aşandygyny belledi.

Ýöne Ukrainanyň maglumatlarynda bolsa, Ukrain esgerleri Russiýanyň territoriýasyndan atylýan artilleriýa germewlerinden goranmak üçin Russiýa geçdi diýilýär.

XS
SM
MD
LG