Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Türkmen Medeniýet hepdeligi başlandy


4-nji awgustda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi taýdan açylyş dabarasy geçirilýär.

Dabara “Aýni” adyndaky opera we balet akademiki teatrynda boldy.

Berilýän resmi maglumata görä, türkmen delegasiýasynyň topary 60 adamdan ybarat bolup, oňa Türkmenistanyň Milli Medeniýet merkeziniň baş direktory ýolbaşçylyk edýär.

Açylyş dabarasynyň çäginde Kerimguly Gorowow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy üçin ýörite interwýu berdi: “Bu delegasiýanyň düzüminde belli aýdymçylar, saz ussatlary, tans toparlary, “Serpaý” atly folklor topary hem bar”.

Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri 7-nji awgusta çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG