Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Türkmenistanly tussag edildi


Polisiýa bölümi, Moskwa

Polisiýa bölümi, Moskwa

Moskwada telefon hilegärligi bilen baglanyşygy bolmakda şübhe bildirilýän Türkmenistanyň 34 ýaşly raýaty tussag edildi.

“Tussag edilen türkmenistanlynyň tussaglykda oturan ýerlerinden pensionerleriň şäher telefonlaryna jaň edip, olaryň garyndaşlarynyň ýol-transport hadysasyna (DTP) sebäp bolandygyny we munuň netijesinde adamya agyr şikes ýetendigini habar berýän şahslaryň toparyna girendigi anyklandy” diýip, Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň resmi websaýtynda habar berildi.

Maglumata görä, awariýanyň sebäpkäriniň jenaýat jogapkärçiliginden gaçyp gutulmagy üçin “meseläni” belli bir möçberli pul bilen çözmek teklip edilipdir we pul 50 we 500 müň rubl aralygynda bolupdyr.

Jenaýat we jeza

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň “K” Uprawleniýesiniň işgärleri operatiw-gözleg işleriniň netijesinde anyklanmagyna görä, Moskwa şäherinde ýaşaýan Türkmenistanyň 34 ýaşly raýaty hilegärligiň pidasy bolan adamlar bilen duşuşyp, olardan pul alypdyr diýip, resmi maglumatda aýdylýar.

Habar berilişine görä, türkmenistanlynyň ýaşaýan ýerinde gözleg işleri geçirilip, onuň kanuna garşy hereketlere gatnaşygyny tassyklaýan zatlar tapylypdyr. Moskwanyň ýaşaýjylaryndan başga-da, Moskwanyň Železnodorožnyý, Pawlowskiý Posad, Možaýsk, Solneçnogorsk we Odinsowo raýonlarynyň ýaşaýjylarynyň hem helegärleriň pidasy bolandygy anyklanypdyr. Häzirki wagtda hilegärligiň pidasy bolanlaryň umumy sany we çeken zyýanynyň öweziniň möçberi anyklanýar.

Orsýetiň Jenaýat Kodeksiniň hilegärlik boýunça 159-njy maddasynda göz öňünde tutulan jenaýatyň alamatlary boýunça jenaýat işi gozgaldy. Şübhelenýän tussag edildi diýip, Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň resmi maglumatynda aýdylýar we agzalan toparyň hereketlerinden ejir çekenleriň jaň etmegi üçin telefon nomer berilýär.

Jaňlar köpelýär

Moskwanyň we Moskwa oblastynyň ýaşaýjylarynyň ençemesi telefon hilegärligi ýaly wakalar bilen wagtal-wagtal ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şaýatlaryň sözlerine görä, nätanyş telefon nomerlerden edilýän jaňlarda ýa-da sms arkaly edilýän duýduryşlarda raýatlara olaryň garyndaşynyň ýol hadysasyna sebäpkär bolandygy ýa-da oňa ol ýa beýleki howpuň abanýandygy habar berilýär we pul talap edilýär.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň baş uprawleniýesiniň ýolbaşçysy Anatoliý Ýakuniniň iýul aýynda aýtmagyna görä, 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda Orsýetde telefon hilegärlikleri bilen bagly wakalaryň sany 50% artypdyr. Ýakunin şeýle jaňlaryň, esasan, tussaghanalardan edilýändigini aýdyp, Moskwanyň jenaýat gözleg edarasynyň esasynda bu ugurdan iş alyp barmak boýunça ýörite bölümiň döredilýändigini habar berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG