Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDU: 200 çemesi sport çäresi geçiriler


please wait

No media source currently available

0:00 0:02:19 0:00
Ýükle

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersitetinde 16-njy aprelde fakultetleriň arasynda woleýbol we futbol boýunça geçirilen ýaryşlar bir aýyň dowamynda uniwersitetiň özünde geçiriljegi aýdylýan 200 çäräniň diňe käbiri.   Şu ýyl bir aýlap dowam edýän sagdynlyk we sport aýynyň dowamynda diňe bir Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersitetinde 200 çemesi bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň geçiriljekdigi resmi taýdan habar berildi.     Studentler ýurtdaky sport hereketiniň öňdäki hatarlarynda barýar diýlip, şol resmi maglumatda bellenilýär.   Maglumata görä, köpçülikleýin çäreler döwlet uniwersitetiniň hem-de paýtagtyň sport meýdanlarynda geçirilýär. Olaryň arasynda “Köpetdag”, “Aşgabat”, “Olimpiýa” suw-sport kompleksi we Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň sport merkezleri bar. Özara güýç synanyşyljak sportuň görnüşleriniň arasynda woleýbol, gandbol, basketbol, ýüzmek, ýeňil atletika, stolda oýnalýan we uly tennis, küşt, düzzüm, milli göreş, tigir ýaryşy hem-de ok atmak boýunça bäsleşikler agzalýar.   Sport marafonynda çykyş edýän toparlaryň arasynda döwlet uniwersitetiniň döredijilik kollektiwleri, sazly-medeni “Bagtyýarlyk owazlary” merkezi, tansçylar we milli aýdymçylar toparlary bar. Sport çäreleriniň netijesinde özbaşdak we komandalaýyn ýaryşlarda ýeňijileriň sylaglanjakdygy aýdylýar.     Okuw jaýynyň daşynda..   Türkmenistanda studentler okuw jaýlarynyň daşynda geçirilýän resmi çärelere-de köpçülikleýin gatnaşdyrylýarlar.   Türkmenistanda geçýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk aýynyň” başyndan bäri tutuş ýurt boýunça giň derejede geçirilýän köpçülikleýin sport çärelerindäki maşklarda, bäsdeşliklerde esasy gatnaşyjylaryň-da, bu çärelerde tomaşaçylaryň-da studentlerdigi we mekdep okuwçylarydygy aýdylýar.   Aşgabatda Köpetdag prospektinde geçirilen 4 kilometrlik marafon ylgawy, 8 kilometrlik “Saglyk ýoly” bilen ýokarlygyna ýöremek çäresi we Türkmenabat şäherinde köpçülikleýin tigir marafony ýaly iri çärelerden başga-da sport eşigini geýnen ýaşlary şu günler ýurduň ähli künjeklerinde islendik wagtda köpçülikleýin görmek mümkin.   Saglyk aýy mynasybetli ýurduň başga-da müňlerçe raýaty ýurduň seýil baglaryna gezelenje çykarylýar, olar özleriniň iş ýerlerinde gurnalýan bedeni berkidiş çärelerine hem gatnaşdyrylýarlar.

XS
SM
MD
LG