Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Türkmenleri: Türkmen migrantlary çykalga gözleýär


Dünýä Türkmenleri: Türkmen migrantlary çykalga gözleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Soňky iki onýyllykda, Türkmenistanda giň ýaýran işsizlik, okuwsyzlyk bilen bagly, Türkiýäniň türkmen migrantlarynyň iň köp ýaşaýan ýurduna öwrülendigi aýdylýar. Bu ýagdaý, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň özleriniň Azatlyk radiosyna gürrüň bermeklerine görä, köp adamyň bikanun duruma düşmegine hem getiripdir. Mundan başga, Türkiýede uzak ýyllap ýaşan türkmenistanlylaryň bir topary, yzlaryna dolanyp barsalar iş tapmaryn ýa ýurtdan çykarylmaryn öýdüp, yzyna gaýtmakdan hem çekinýär. Türkiýede işläp ýa okap, soň türk raýaty bolmak, ýa bolmasa başga bir ýurtdan gaçybatalga ýa oturym soramak isleýän türkmenistanlylar hem bar. Eýsem şu hili türkmenistanlylar Türkiýede 11-nji aprelde güýje giren täze kanundan, migrantlar we bosgunlar baradaky düzgünleşdirmelerden nähili peýdalanyp bilerler. Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sany Türkiýede çykalga gözleýän türkmenistanlylaryň gyzyklanýan soraglaryna bagyşlandy.

XS
SM
MD
LG