Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Krymy yzyna almakçy bolýar


Ukraina Krymy yzyna almakçy bolýar.

Ukraina Krymy yzyna almakçy bolýar.

Gündogar Ukrainada dowam edýän çaknyşyklar metbugat sahypalaryny eýeleýär. Kiýew bilen Moskwanyň Krym meselesi boýunça düşünişmezlikleri dowam edýär we häzirki wagtda bu meseläni çözmek boýunça edilýän tagallalar öňküsinden has ýygjamlaşdy.

Orsýet mart aýynda Ukrainanyň Gara deňiz ýarym adasyny anneksiýa etdi. Ukrain häkimiýetleri we halkara jemgyýetçiligi Orsýetiň bu hereketini oňlamady.

1-nji awgustda ukrain telewideniýesinde çykyş eden prezident Petro Poroşenko Ukrainanyň hiç haçan Krymdan el çekmejekdigini aýtdy.

Ol: “Ukraina öz bähbitlerini goramak üçin ähli mümkinçiliklerden aňrybaş peýdalanar” diýdi we öz ýurdunyň Adalat ministrliginiň bu mesele boýunça ähli kanuny ýollar boýunça iş alyp barjakdygyny aýtdy.

Poroşenkonyň orunbasary Waleriý Çaliý Krym meselesi boýunça Ukrainanyň pozisiýasyny ýene-de bir gezek aýratyn nygtap aýtdy.

“Krym ozalam Ukraina degişlidi, ol häzirem, gelejekde-de Ukraina degişli bolar”

"Munuň gürrüňem bolmaz"

Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Krym barada çykyş edenden sanlyja gün soň ukrain häkimiýetleri bu beýanaty ýaýratdy. Lawrow: “Krym Orsýete degişlidir. Biz hiç kim bilen Krym barada gürrüňdeşlik geçirmedik. Munuň gürrüňem bolmaz” diýdi.

Ukrainanyň ýörite ilçisi Andreý Weselowskiý Kiýewiň öz maksadyny amala aşyrmagy üçin entek kanuny mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwiýusynda häzirki ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak üçin Birinji jahan Urşunyň tamamlanmagyndan 20 ýyl soň Raýnlandiň Germaniýa gaýtaryp berilmegini we 100 ýyllap britanlara garaşly bolan Gong Kongyň 1997-nji ýylda täzeden Hytaýa gaýtaryp berilmegini mysal edip görkezdi.

Ol bu barada ýene şeýle diýdi: “Bu mesele boýunça başga-da köp mysal getrse bolar. Ýöne bu mysallaryň ählisinde taraplar dawaly meseläni arbitraž suduň çözmegine we onuň bu babatda çykaran netijesine boýun bolupdylar. Emma welin häzirki ýagdaýda Orsýet şeýle prosese razy bolarmy bolmazmy, muny hatda göz öňüne-de getirip bolanok. Ynha, esasy mesele-de şol”.

Meýilnama düzmeli

Krymly syýasy synçy Oleksandr Starişa Kiýewi derhal Stokgolmdaky Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutmaga çagyrdy.

Ol şeýle diýdi: “Biz anneksiýa baradaky halkara kanunçylygyň esasynda Krymy täzeden yzyna gaýtaryp almak barada meýilnama döretmeli. Biz Ukrainanyň territoriýal bütewüligine ‘basyp alyjylaryň’ kast etmegi baradaky mesele boýunça bireýýäm Stokgolma arza bilen ýüz tutmalydyk”.

Ýöne Kiýew ýarymadany yzyna almak boýunça iş alyp barmakdan ejiz ýagdaýda. Sebäbi Kiýew şol bir wagtyň özünde ýurduň gündogarynda ýüze çykan durnuksyz ýagdaýy kadalaşdyrmak we paýtagtda syýasy näbelliligiň öňüni almak ugrunda-da göreşýär.

Parlamentiň wekili Andriý Sençenko bu barada şeýle gürrüň berdi: Ol: “Häzirki wagtda hökümetiň strukturasy we adamlaryň wezipelere saýlanmak tertibi döwletiň öňünde duran jogapkärçiliki wezipeleriň berjaý edilmegine päsgel berýär. Men ‘wezipeler boş dur, adamlar öz işlerini etmeýär’ diýemok. Ýöne her niçik hem bolsa Krymy basyp aldylar. Elbetde, häzirki wagtda terrorçylyga garşy operasiýalar alnyp barylýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde ýurtda uly göwrümli ykdysady problemalar bar. Iş dolandyryjy häkimiýetler biziň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarymyzdan baş alyp çykmak üçin işe girişmeli” diýdi.

Kiýewde ýerleşýän “Ýakyn Gündogary öwrenmek boýunça institutyň” direktory Ihor Semiwolos Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde ‘gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistlere we hakynatutma söweşijilere garşy ýurtda alnyp barylýan kampaniýalar ukrain häkimiýetleriniň we hökümetiň seljeriş strukturalarynyň Ukrainanyň iň bir wawwaly meselesi bolan Krymyň täzeden yzyna gaýtarylyp alynmagyna doly üns bermeklerine päsgel berýär. Krymyň yzyna gaýtarylyp alynmagy örän çylşyrymly problema bolup, bu mesele dürli ugurlarda herekete geçilmegini talap edýär’ diýdi: “Dogrusyny aýtsam, Krymy kanunçylyk mehanizmini ulanmak arkaly ýa-da kazyýetiň çykarjak karary bilen yzyna alyp bolar öýdemok. Ýöne beýle diýmeklik ‘synanyşmak hökman däl’ diýmek däldir. Hökmany suratda kanunçylyk esasynda Krymy gaýtaryp almagyň aladasyny etmeli. Netijede Krymy yzyna gaýtaryp almak üçin biz ähli proseduralary synap görmeli. Ýöne, meniň pikirimçe, ähli ugurlardan aňrybaş peýdalanmaly, ýagny “güýç ulanmak”, “syýasy çäreler” we “kanunçylyk”, ynha, şu üç elementiň üçüsini hem ulanmaly”.

“Geoykdysady ada”

“Black Sea News” saýtynyň redaktory Andriý Klimenko gündogar Ukrainadaky separatist hereketiň ýeňlişe sezewar edilmegi Ukrainanyň Krymy yzyna gaýtaryp almagynda uly rol oýnar diýýär.

Orsýetli syýasy geňeşçin Stanislaw Belkowskiý Ukraina uzak möhletli meýilnamalara üns bermeli diýýär.

Belkowskiý Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen gürrüňdeşliginde bu barada şeýle diýdi: “Elbetde, Wladimir Putin Krymy yzyna gaýtaryp bermez. Putiniň hökümet başynda oturan wagty Krym barada pikir etmegiň hajatam ýok. Ýöne Wladimir Putin hökümet başyndan gidäýen ýagdaýynda-da rus halky agzalýan territoriýanyň Ukraina gaýtaryp berilmegi bilen ylalaşmaz. Meniň pikirimçe, biz Krymy yzyna gaýtaryp almak barada däl-de, oňa “garaşsyzlyk” statusyny bermek barada kelle döwmeli” diýip, soňra Belkowsiý öz sözleriniň üstüni ýetirdi.

Syýasy maslahatçynyň aýtmagyna görä bu strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy Kiýewiň gelejekde krymlylaryň öz islegi bilen Ukraina dolanmagyny gazanmagyna bagly bolar.

XS
SM
MD
LG