Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň gospitalynda ilkinji operasiýa geçirildi


Türkmenistanyň kardiologiýa boýunça ylmy-kliniki merkezli gospitalynda ilkinji operasiýa geçirildi.

Ýürek-damar keselli näsaglary ýokary derejede bejermek we operasiýa geçirmek üçin döwrebap enjamlaşdyrylan bu keselhanada geçirilen ilkinji operasiýanyň üstünlikli geçirilendigi türkmen metbugatynda habar berildi we gospitalyň taryhynda möhüm waka diýilip atlandyryldy.

Aşgabadyň ýaşaýjysy Zeýnep Saparmämedowanyň ýüreginde geçirilen ilkinji operasiýany Türkmenistanda kontrakt boýunça işleýän Germaniýaly professor Kalin Wikol geçiripdir, türkmen hirurglary oňa assistent bolupdyr.

Resmi maglumata görä, germaniýaly professoryň gatnaşmagynda amala aşyrylýan proýektiň çäginde hususan-da türkmen hirurglarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Germaniýaly we türkmenistanly hirurglaryň 15 ýyl çemesi wagtyň dowamynda partnýorlyk edýändigi bellenýär.

XS
SM
MD
LG