Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Täjik we gyrgyz tussag edildi


Owganystanyň demirgazyk-gündogar Badahşan welaýatynyň howpsuzlyk resmileri Owganystanyň iki polisiýa ofiseri bilen bilelikde Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň raýatlaryny hem ele salandygyny habar berdiler. Olar terrorçylykly hereketlere gatnaşykda güman edilýärler.

Resmileriň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 5-nji awgustda aýtmagyna görä, owgan polisiýa wekilleri ýakynda welaýatda geçirilen terrorçylyga garşy operasiýanyň çäginde saklanypdyr.

Owgan resmilerine görä, saklanan täjik raýaty özüniň ençeme ýurtda terrorçy diýilip hasaplanýan “Jamaat Ansarullah” toparynyň agzasydygyny boýun alypdyr. Gyrgyzystanyň raýaty özüniň az tanalýan “Gyrgyzystanyň sakçylary" atly toparyň agzasydygyny aýdypdyr.

Saklanan bu adamlaryň Owganystanyň demirgazygynda terrorçylykly hüjümleri planlaşdyrandygyny boýun alandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG