Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany: “Ebola” testi geçirildi


5-nji awgustda Saud Arabystanynyň Saglyk ministrligi adamyň ölümine getirýän “Ebola” wirusynyň ýokandygy guman edilýän Saud arabystanlynyň lukmanlar tarapyndan barlagdan geçirilendigini aýtdy.

40 ýaşynyň töweregindäki erkek adam ýakynda Günbatar Afrikanyň Sierra Leone döwletine iş syýahatyndan gaýdyp gelipdir. Sierra Leone “Ebola” wirusynyň ýaýramagy sebäpli epidemiýany yglan eden üç ýurduň biri.

Medisina barlagyndan geçirilen Saud arabystanly Gyzyl deňzindäki Jeddah şäherinde karantinden saklanýar.

“Ebola” wirusy şu ýylyň fewral aýyndan bäri Afrikada 900 çemesi adamyň ölümine sebäp boldy. Keseli bejermek boýunça anyk usul ýok, kesellänleriň arasyndaky ölüm derejesiniň 60% töwereginde kesgitlenýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG