Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan täjik çopanlaryny boşatdy


Özbegistan täjigistanly bäş çopanyň we uly mal sürüsiniň Tajigistana dolanmagyna rugsat berdi. Munuň öňüsyrasynda täjik resmileri çopanlaryň öz sürüsini Özbegistanyň giňişligine birugsat alyp barandygyny tassykladylar.

Özbegistanyň Serhet gözegçilik gullugynyň 5-nji awgustda aýtmagyna görä, täjik çopanlary geçen hepdede serheti bikanun kesip geçende tussag edilipdir. Çopanlar 3 000 çemesi mal sürüsi üçin has amatly ýer gözläp Özbegistanyň giňişligine geçipdir.

Täjigistanyň Serhet gözegçilik gullugy Özbegistanyň güýçlerini mal ogurlamak üçin Täjigistana barmakda aýyplap, täjik mediasynda çap bolan maglumatlary ret edýän beýannama ýaýratdy.

Şeýle-de Täjigistanyň serhet güýçleri şuňa meňzeş wakalaryň geljekde bolmazlygy üçin serhetýaka giňişliklerde ýaşaýanlaryň arasynda düşündiriş çärelerini geçirmegi wada berdiler.

Özbegistanyň we Täjigistanyň arasynda 1100 kilometrden gowrak umumy serhet bar.

XS
SM
MD
LG