Sepleriň elýeterliligi

Gaza: 72 sagatlyk ýaraşyk güýje girdi


Ysraýylyň harbylary Gazadan gury ýer goşunlaryny çekmek işini 5-nji awgustda jemländigini aýtdylar. Ok atyşygy bes etmek boýuça Müsüriň araçylygynda gelnen 72 sagatlyk ýaraşyk ylalaşygy güýje girdi.

Ysraýylyň harbylarynyň metbugat-wekili Peter Lerner Gazadan çekilen ysraýyl goşunlarynyň we tanklarynyň Gazanyň serhetleriniň daşynda “goranmak pozisiýalarda ýerleşdirilendigini” atdy.

Hamas we Ysraýyl ýerli wagt bilen sagat sekizde başlanan ýaraşygyň öňüsyrasynda hüjümlerini amala aşyrdylar. Hüjümleriň netijeleri barada habar berilmedi. Hamas Ysraýyla tarap ençeme raketalary atdy, Ysraýylyň uçarlary howadan bäş sany zarba urdular.

Iýul aýynyň başynda başlanan konfliktiň dowamynda 1 850 çemesi palestinaly wepat boldy, olaryň aglaba köpüsi parahat ýaşaýjylar. Ysraýyl tarapyndan 67 adam, olaryň aglaba köpüsi Gazada harby çärelere gatnaşan esgerler wepat boldy.

XS
SM
MD
LG