Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabuldaky "Obama bazarynda" ýel öwüsýär


"Obama bazarynyň" harytlary

"Obama bazarynyň" harytlary

Ozallar amerikan harby lybaslary we azyk harytlary satylýan Kabuldaky meşhur bazar soňky wagtlarda agyr günleri başdan geçirýär.

Resmi däl ýagdaýda Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň adyny göterýän “Obama bazary” gülläp ösen döwründe şäheriň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülipdi. Ol ýerde ulanylan elektroniki enjamlary, harby ädikleri, gezelenje gidilende zerur bolan enjamlary, kamuflýaž lybaslary, Uwelsde öndürilen üzüm suwlaryny, “Kraft” peýnirlerini we “Heinz 57” atly duza ýatyrylan önümleri satyn almak bolýardy.

Müşderiler azalýar

Ýöne häzirki günlerde bazaryň üstünden ýel öwüsýär diýsek ýerlikli bolar. Haryt satyn almak isleýän adamlar häzirem ol ýerde Amerikada öndürilen önümleri tapyp bilerler ýöne bazaryň gelim-gidimi barha azalýar.

Halkara güýçleriniň ýurtdan çykarylýandygy baradaky habarlaryň ýaýramagy bilen, Owganystandaky daşary ýurt harby bazalarynyň ýapylmagy geçen ýyldan başlap, Kabulyň merkezinde ýerleşýän söwda bazarynyň örüsini daraldyp başlady.

Üç ýyl çemesi wagtdan bäri şol bazarda söwda-satyk bilen meşgullanýan ýaşajyk Şuaýp bazardaky soňky ýagdaýlar barada şeýle gürrüň berdi: “Söwda ozallar gowudy. Biz häzir öňki edýän söwdamyzyň 10 göteriminem edip bilemzok. Käwagtlar biz hatda kireýine alýan ýerimiziň töleginem töläp bilemzok. Harby güýçler ýurtdan çekilýä diýlensoň, söwdanyň ugry gaçdy. Biz ertirden agşama çenli şu ýerde, ýöne öz aramyzda gürrüňleşmekden başga zat edemzok. Sebäbi söwda bolanok”.

Şuaýp geçen ýyllarda her günde 2 müň awgany, ýagny 35 amerikan dollaryny gazanýardy. Ýöne häzirki günlerde ol “sanlyja ýüz” awganydan öte hiç zat gazanyp bilenok. Ol eger-de üstümizdäki aýlarda söwdalary oňmasa, onda dükanlaryny ýapjakdyklaryny aýdýar.

Söwdagärler bazarda Amerikada öndürilen önümleriň azalandygyny, muňa derek arzan bahadan Hytaýda, Eýranda we Pakistanda öndürilen önümleriň bazarda ýaýbaňlanýandygyny aýdýarlar.

Bazalar

2011-nji ýylda Owganystan daşary ýurt goşunlarynyň mesgenine öwrülipdi. Şol wagtlar ýurtda NATO-nyň düzümine girýän döwletlerden 130 müň esger we takmynan 800-e golaý harby baza bardy. Geçen ýylyň aýagynda ýurtdaky harby bazalaryň sany 80-e düşdi. Harby bazalar häli bu güne çenli ýapylmagyny dowam edýär we şu ýylyň aýagyna çenli ýurtda diňe sanlyja harby birikme galar.

Halkara harby birikmeleriň ýapylmagy ýurduň ykdysadyýetine öz täsirini ýetirýär. Owganystanda soňky döwürlerde işsizlik artýar we daşary ýurtly biznesmenler ýurdy terk edip, gazanan pullaryny hem nagt görnüşde ýanlaryna alyp, ýurtdan çykmak bilen bolýarlar.

Ýaşuly nesliň wekillerinden Şagazi gürrüňi edilýän bazarda eýýäm alty ýyldan bäri işläp gelýär. Onuň aýtmagyna görä, halkara güýçleriniň ýurtdan çekilýändigi baradaky gürrüňler we jedelli prezidentlik saýlawlary adamlarda gorky döredýär. Onuň pikirine görä, halk näbelli gelejegi alada edip, puluny sowman, ony ätiýaçdan saklanayny gowy görýär.

Şangazi öz gürrüňinde şeýle diýýär: “Haçan-da ýurtda howpsuzlyk we ykdysady ýagdaý kadaly bolanynda, söwda-da bolýar. Eger söwda gyzýan bolsa, diýmek, adamlarda işläre iş bar. Biz şeýle zynjyr görnüşli reaksiýanyň täsirini duýýarys”.

Ýagdaýlar Şangaziniň ykbalyna hem täsir edipdir. Lagman welaýatynyň ýaşaýjysy bolan Şangazi 10 ýyl töweregi wagt mundan ozal Kabula gelip ýerleşipdir we sekiz adamlyk maşgalasynyň eklenji bilen başagaý bolup başlapdyr. Geçen ýyla çenli hemme zat ugruna ekeni. Ýöne häzirki wagtda näbelliligi başdan geçirýän Şangazi eklenç üçin näme etjegini ýa-da nirä gitjegini bilenok.

Taryh

"Obama bazary" diýlip atlandyrylýan bu söwda nokadynyň soňky otuz ýylyň dowamynda birnäçe gezek ady çalşylypdy. Ilkibaşda oňa “Brežnew bazary” diýilýärdi. Sebäbi 1979-njy ýylda sowet goşunynyň Owganystana girmegi bilen bazaryň adyna Leonid Brežnewiň ady dakylypdy. 2001-nji ýylda Jorj Buşuň Owganystana goşun ugratmagy bilen bazaryň ady “Buş bazary” diýlip üýtgedildi.

Dükançylar öz aralarynda degişmä salyp, “indi bazaryň ady Abdylla Abdylla bazary” bolar diýip, ýurduň saýlanmagy ahmal bolan prezidentine kakdyrýarlar. Käbirleri bolsa “Aşraf Gani bazary” bolar diýip, beýleki bir dalaşgäriň adyny agzaýarlar. Ýaşulurak dükançylardan biri ýurdy soňky on ýylyň dowamynda dolandyran prezidentiň adyny tutup, “bazaryň ady Hamit Karzaý bazary” bolar diýýär.

Jamal Han bazar häzirki adyny saklap galmaly diýýär. Ol: “Amerikanlar bu ýurdy basyp aldylar. Ýöne şol bir wagtyň özünde olar ykdysadyýeti hem ösdürdiler. Biz muny hergiz ýatdan çykarmaly däldiris” diýýärler.

XS
SM
MD
LG