Sepleriň elýeterliligi

I-nji Jahan urşy we türkmenler: Telpek salgydy


Türkmen atlylary, Gökdepe muzeýinden surat, Türkmenistan

Türkmen atlylary, Gökdepe muzeýinden surat, Türkmenistan

I-nji Jahan urşy Russiýa doly bakna Zakaspi oblastyndan (Türkmenistan) sowa geçmändir. Diňe türkmenlerden düzlen Türkmen polky (1916-njy ýylyň martynda ady “Teke polky” diýip üýtgedilen), 3 atly diwizion Jahan urşuna gatnaşypdyr. Rus Imperatorynyň 25.06.1916-daky Beýik Permanyna laýyklykda 10 müň çemesi türkmen (bolmalysy 15 müň) tyl işlerine (päle) alynypdyr.

Krasnowodsk we Tejen uýezdlerinde päleçilige garşy tas 8 aýa çeken ýaragly gozgalaň bolupdyr. I-nji Jahan urşy ýyllary türkmenlere at, öý, düýe…, telpek salgydy salynypdyr.

Telpek salgydy näme üçin salynypdyr? Onuň mukdary (sany) näçe bolupdyr? Oňa jogap berjek anyk taryhy dokumentleri tapmak bize häzirlikçe başartmady. Baş sebäbi Türkmenistanyň Döwlet arhiwiniň gapysy ýurt raýatlary üçin ýapyk. Bir tagta arhiw materialy bilen tanyşmak üçin ençeme edaradan ejaza hatyny ýygnamaly. Ony bolsa alyp bolanok. Telpek salgydyny gytaklaýyn faktlara esaslanyp anyklamak welin mümkin.

Taryhy faktlarlar 1-nji Jahan urşuna “Wagşy” diwiziyanyň-da gatnaşandygyny tassyk edýär. Sitata (alynma): “Wagşy” diwiziýa: osetin, çeçen, tatar, kabardin, inguş, çerkes, dagystan polklary giripdir” (Ö.Gündogdyýew “Tragediýa tekinskogo polka”, “Weçerniý Aşgabat” gazeti, 11.06.1992). Şol “Wagşy” diwiziýanyň her polky ortaça, 1700 esgerden ybarat bolupdyr. Ählisi gaba (silkme) telpek geýipdir.

2-nji sitata: “Bize… I-nji Jahan urşuna gatnaşan, 70-nji ýyllarda aradan çykan Şaberdi Hakberdiň (Georgiý hajynyň kawaleri) ogly Hojamberdi Şaberdiýew bilen duşuşmak miýesser etdi. Ol… kakasynyň Köşüdäki çagyryş punktyna baranda, ony ak telpek we ak at keçe getirmek üçin yzyna iberendiklerini
gürrün berdi. …fronta iberilýäniň ýanynda harby lybas: …ak telpek, gyrmyzy don, gara ädik we ak at keçe bolaýmaly eken”. Alynmanyň soňy. (Ö.Gündogdyýew, J.Annaorazow “Teke atly polky”, Aşgabat, 1992, 18-nji sahypa).

3-nji tutaryk. Harby habarçy F.Kupçinskiý “Petrogradskiý kurýer” gazetiniň 1914-nji ýylyň noýabr sanynda “German topragynda, Soldaunyň etegindäki söweşde… türkmenlerden durýan täze goşun bölümini gördüm. Apet telpekli, billeri egri gylyçly, garaýagyz ýigitler … hemmeleriň ünsüni çekýärdi we heniz görülmedik şowhun döredýärdi” (“Turkmeniýa” tom l, Leningrad, 1929, 217-nji sahypa).

Taryhy faktlar rus goşunynyň düzümindäki kazak atlylarynyň-da silkme (gaba) telpek geýendigini tassyk edýar. Eýsem, silkme (gaba) telpek rus goşunyna näme üçin gerek bolupdyr? Bu sowala Türkmen (Teke) polkunyň, Wagşy diwiziýanyň, kazaklaryň atly goşun bölumleriniň (kawaleriýa) taryhy jogap berýär. Silkme (gaba) telpek esgere söweşjeň, ýowuz sypat beripdir. Ol garşydaşynyň howuny basypdyr. Silkme (gaba) telpekli goşun bölümleri hüjüme geçende ozal beýle sypatdaky esgerleri görmedik ýerli ilat “Adamhorlar (adam iýýänler) geldi” diýip, ýaşaýan ýerlerini terk edip gaçypdyr. Bir söz bilen aýdanyňda, silkme (gaba) telpek goşun üçin ruhy (psihologik) ýarag bolupdyr.

I-nji Jahan urşuna gatnaşan rus goşun bölümleriniň belli bir bölegini telpek bilen üpjün etmek üçin türkmenlere Telpek salgydynyň näçe mukdarda salylandygy hakynda anyk maglumat elimizde ýok. Ýöne şol salgydy tölänleri görenleriň, olaryň gürrüňini gulagy bilen eşidenleriň aýtmagyna görä, Zakaspi oblastynyň Tejen, Aşgabat, Krasnowodsk uýezdlerinde her 10 öýden biri “Telpek salgydyny” töläpdir. Müňgyşlak, Mary uýezdlerine bu salgyt salynmandyr.

Amanmyrat Bugaýew, ýazyjy.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG